11-nji ýanwary ýylyň iň mylakatly güni diýip atlandyryp bolar. Bu sene senenamada Halkara minnetdarlyk güni hökmünde bellenilýär we birnäçe onýyllyklaryň dowamynda dünýädäki adamlara birneme mähirli bolmaga kömek edýär. Bu günki günde Minnetdarlyk güni halkara derejesinde möhümdir. Ol ÝUNESKO-nyň we BMG-niň başlangyjy bilen döredildi. Bu gün, kime we nämä minnetdarlygymyz hakynda oýlanmalydyrys – minnetdarlyk sözlerini wagtyndan yza süýşürmeli däldiris. “Sag bol” sözüniň peýda bolmagynyň resmi senesi 1586-njy ýyl hasaplanýar. Hut şu ýyl Parižde ilkinji gezek minnetdarlyk bildirmek üçin “sag bol” sözüni ýazýan söz düzüm sözlügi neşir edildi. “Sag bol” sözi käbir dillerde “Hudaý gorasyn” diýen sözlemiň gysgaldylyşydyr. Şeýle-de bolsa, iň gadymy minnetdarlyk sözi ukrain “dzyakuyu” bolupdyr. Minnetdarlygy bildirmek üçin haýsy sözüň ulanylmagy möhüm däl. Esasy zat, çyn ýürekden çykan minnetdarlyk sözleri kalbyňy gyzdyrýar we gahar-gazaby ýok edýär. Halkara minnetdarlyk güni örän ýaş baýramçylykdygyna garamazdan, dünýäniň köp adamlarynda uly gyzyklanma döretmegi başardy. Her kim bu çäräni bellemegiň usulyny özbaşdak saýlaýar: kimdir biri bu gün bolup geçýän fleş-moblara goşulýar, kimdir biri ýakynlaryna sag bolsun aýtmak mümkinçiligini elden gidirmezlige synanyşýar. Halkara minnetdarlyk gününe gabat gelýän fleş-moblar we beýleki adaty bolmadyk baýramçylyklar eýýäm ýaşlaryň arasynda däbe öwrüldi. 11-nji ýanwarda, köp şäheriň merkezinde, “Minnetdar” diýlen afişalara duşup bilersiňiz. Bu pikiri mekdep dynç alyşy ýa-da konsert üçin ulanyp bolýar. Kiçijik teatr çykyşlary, gyzykly ýaryşlar, şowhunly oýunlar çagalara edep-terbiýe we mylakatlylygyň möhüm roluny görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ýeri gelende aýtsak, kiçijik ussatlyk sapagyny geçirmegi maslahat berilýär, bu ýerde çagalar dünýäniň 10-15 dillerinde “sag bol” sözüniň nähili eşidiljekdigini öwrenerler. Günüň esasy sözi bilen futbolkalary we bulgurlary boýamak hem gaty gowy pikir. Bu baýramçylyk edep-terbiýe nyşany bolany üçin, aristokratiýanyň wekilleri hökmünde geýnilen adaty bolmadyk bir oturylyşyk gurnaýarlar. Şeýle baýramçylykda degişme etmek gadagandyr.

Aýgül HALLYÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.