Kesp – sen nädip ykbala öwrülýärsiň? Adam dünýä inip, özüni bilenden başlap, öz saýlan, göwnüne ýakyn, bir kesp bilen meşgullanýar-a? Onsoň bu dünýäde ýaşadygyça şol meşgullanýan kesbi neneň onuň ykbalyna öwrülmesin? Kesp – adamyň käri, hünäri. Kesp – munuň özi ykbal ahyryn. Şahyr A.Kirşenowyň goşgularynyň “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň sanlarynyň birinde: “Ykbala öwrüldi kesbimiz biziň…” ady bilen çap edilmegi diýseň ýerine düşüpdir. Dogrudanam, ykbal, munuň özi, kysmat, ýazgyt, takdyr, durmuş, ýaşaýyş şertleri ahyryn. Häzirki döwrüň lirik şahyry A.Kirşenow özüniň akgynly ýazylan durmuşy goşgulary bilen okyjylaryň söýgüsini gazanmagy başardy. Okyjylaryň söýgüsini şahyrlar diňe bir syýa galamy ak kagyzyň üstünde ýöretmek bilen däl-de, özleriniň yhlasyny, gujur-gaýratyny, mähir-muhabbetini eserlerine siňdirmek arkaly dörän goşgularyny halka söýdürip bilmek bilen gazanýarlar. Muny şahyr özüniň “Şeýdip şahyr bolunýar…” atly goşgusynda şeýle belleýär:
Bilseň, sözler diňe syýa
bilen ýazylmaýar, uýam.
Goşgyňy özüňden beter
söýdürip şahyr bolunýar…
Şahyr okyjynyň islendik bir goşgyny okamak bilen, heniz onuň awtorynny doly tanamankalar hem oňa baha berip bilýändigini ündeýär. Belli bir temadan ýazylyp, durmuşdan alnan mysallar arkaly çuň many-mazmuna ýugrulan goşgular okyjyny biparh goýmaýar. Şygryýet dünýäsi adamlarda estetik duýgyny oýarýar, ýüregine barýan ýol-ýodalary tapmak bilen, ony özüne imrindirýär. A.Kirşenow adamyň kesbiniň ykbala öwrülýändigini özüniň “Şahyr ýüregi” atly goşgusynda şeýle belleýär:
Ten berdik…
Täleýiň tekepbirligine –
Ykbala öwrüldi kesbimiz biziň.
Şeýdip, ömrümiziň ölçeg birligi
Gürsüldisi boldy ýüreklermiziň…
Şahyryň durmuşy temadan ýazan goşgularynyň biri hem “Uýalaryma” atly şygrydyr. Her bir türkmen maşgalasynda, durmuşynda maşgalanyň, öý-ojagyň göze görner-görünmez aladalary, hysyrdysy zenanyň üstüne düşýär. Durmuşa çykan gyz ýaş gelin wagty atasy öýüne garşy-garşy baryp durýan bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen ol ýaş gelniň aladasy köpelip, barmasy selçeňleşýär. Çaga-çugalar ýetişýär, maşgala ulalýar. Ýaş gelniň özi uly bir maşgalanyň bikesi bolýar. Eziz enelerimiz her bir öýüň, türkmen maşgalasynyň arzymany, bezegi. Maşgala ojagynyň abatlygy, berkligi ak öýleriň ýaraşygy bolan mährem enelere bagly. Eneleriň çuňňur söýgüsi, mähir-muhabbeti maşgalanyň süňňüne siňip, onuň has-da berkemegine ýardam edýär. Eneler öz perzentlerine edep-ekram, gyzlaryna el hünärini öwredýän halypadyr. Atasy öýüne az gelinmeginiň sebäbini gözläp, şahyryň özi sorag goýýar:
Soňky döwür… Näme boldy, bilmedim?
Kesildi-le bizden aýajyklaryňyz –
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym…
Yz ýany bilen hem şahyr jogabyny durmuşyň özünden agtarýar:
Maşgala. Öý-ojak. Naçar yhlasy…
Ömür örňedikçe düşünýän hasam.
Gyz eneden edep-terbiýe, görüm-görelde alýar. “Paýhas çeşmesi” kitabynda türkmen halkyna mahsus bolan şeýle nakyllar bar: “Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de – biýzini”. Bu nakyllarda aýdylyşy ýaly, şahyr öz gyzlaryna ýüzlenmek bilen külli türkmen gyzlaryna edep-ekramly, elleri hünärli bolmagy ündeýär. Şeýle hem, ata bilen gyzynyň, ene bilen gyzynyň öz aralaryndaky gatnaşygy beýan etmek bilen olaryň görüm-göreldeli bolmaklaryny, hossarlary, ýaşulular bilen sylag-hormatly gatnaşmaklaryny ündeýär.
Ýodalar ýola öwrülýär,
Ýol saga-sola öwrülýär.
Ýodalar ýola, ýoluň hem saga-sola öwrülmeginde, durmuşda gabat gelýän dürli çarkandakly ýollary ýeňip geçmekde şahyryň goşgularyny okamak bilen köp zatlara akyl ýetirmek bolýar.
Şahyryň goşgularynyň akgynlylygy bolsa ony ýeňil okamaga ýardam berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň galamy has önümli işleýär. Parahat döwletimiziň ajaýyp döwründen ylham alýan şahyr A.Kirşenowyň goşgulary ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda yzygiderli çap edilýär. Terjimeçilik ugrunda halypalyga ýeten A.Kirşenow ýaş terjimeçileriň eserlerini, işlerini uly yhlas bilen okap, düzedişler girizýär, olara çeper terjimäniň syrlaryny yzygiderli öwredip gelýär. Ýaş terjimeçileriň geljekde öz işlerine, çeper terjimä barha ökdelejekdiklerine ynam bildirip, olaryň kämilleşmegine ýardam berýär.
Gülaýym GELDIMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.