Awstraliýanyň Adelaid uniwersitetiniň hünärmenleri deňiz suwundan wodorod öndürmegiň aňsat we elýeterli usulyny oýlap tapdylar. Bilermenleriň bellemeklerine görä ýanan wagty diňe bug çykarýan ýangyjyň bir görnüşi bolan wodorodyň geljekde ulanylyşynyň has artjakdygyna ünsi çekýärler. Soňky ýyllarda elektroulaglar bilen bir hatarda wodorod ýangyjy bilen işleýän awtoulaglar hem ýaýbaňlanýar. Bu ýangyjy almak üçin köp mukdarda elektrik energiýasyna zerurlyk duýulýar. Täze oýlanyp tapylan usul ýaýbaňlanan ýagdaýynda, esasan, kenarýaka şäherlerde ýangyjyň has arzan görnüşi öndürilip bilner. Uniwersitetiň ylmy toparyna ýolbaşçylyk edýän professor Şižan Siao tebigy deňiz suwundan katalizator ulanmak arkaly 100 göterime golaý netijelilik bilen kislorod bilen wodorody aýrandyklaryny belleýär.
Adatça, deňiz suwundan wodorod almak üçin ony ilki arassalamaly bolýar. Emma bu usul arkaly gönüden-göni şor suwdan wodorod öndürmek mümkin. Planetamyzda bolsa, deňiz suwy süýji suwdan has köp. Bilermenler mundan soňra has köp mukdarda deňiz suwundan wodorod almagy we täjirçilik maksatly önümçiligiň ýola goýulmagy üçin tagalla ederler.