Ýer ýü­zün­de ho­wa­nyň maý­la­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. “Living Car­bon” at­ly bio­teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy ys­sy ho­wa has çy­dam­ly we ho­wa­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy­ny adat­da­ky­dan has köp özü­ne çek­ýän agaç sor­tu­ny dö­ret­di. Bi­ler­men­ler agaç­la­ryň ug­le­ro­dyň te­bi­gy “am­ma­ry­dy­gy­ny” bel­le­ýär­ler. Köp­ýyl­lyk ösüm­lik­ler fo­to­sin­tez ar­ka­ly kö­mür­tur­şy ga­zy­ny ho­wa­dan alyp, kök­le­rin­de, şa­ha­la­ryn­da we ýap­rak­la­ryn­da sak­la­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, agaç nä­çe uly bol­sa, şon­ça-da köp ug­le­ro­dy sak­la­ýar. At­mos­fe­ra­da­ky ug­le­ro­dyň muk­da­ry art­dy­gy­sa­ýyn ho­wa gyz­ýar. Adat­ça, bir to­hu­myň şi­ne­läp, gö­ge­rip, düýp tu­tup, bir­nä­çe met­re çen­li ös­me­gi, mah­la­sy agaç bol­ma­gy üçin bir­nä­çe ýyl ge­rek bol­ýar. Alym­la­ryň tä­ze dö­re­den sor­ty bol­sa, müm­kin­ga­dar gys­ga wagt­da ulal­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, çalt ne­ti­je ber­ýär, ýag­ny ho­wa­ny aras­sa­lap baş­la­ýar. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň öňü­ni al­mak­da agaç­lar­dan peý­da­lan­mak is­le­ýän bu kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry 2019-njy ýyl­dan bä­ri ge­ne­ti­ka in­že­ner­çi­li­gin­den peý­da­lan­ma­gyň usul­la­ry­ny göz­le­ýär. Ne­ti­je­de, hü­när­men­ler il­kin­ji dö­re­di­len agaç to­hu­my­ny ABŞ-nyň Jor­ji­ýa we Pen­sil­wa­ni­ýa ştat­la­ryn­da­ky to­kaý­lyk ýer­ler­de otur­dyp baş­la­dy.
Il­kin­ji no­bat­da, de­rek agaç­la­ry­nyň 60 müň na­ha­ly otur­dyl­dy. Kom­pa­ni­ýa ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 4 mil­li­on na­hal otur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
Mer­ke­zi eda­ra­sy San Fran­sis­ko­da ýer­leş­ýän kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da tä­ze sor­tuň beý­le­ki agaç­lar­dan 27 gö­te­rim has köp ug­le­rod ýyg­na­ýan­dy­gy­nyň, na­hal­la­ryň 97 gö­te­ri­mi­niň düýp tut­ýan­dy­gy­nyň anyk­la­nan­dy­gy­ny bel­le­ýär.

Aý­bi­bi Kut­ly­ýe­wa, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.