Hiç wagt hümmeti egsilmejek, dürdäne hazynany halkyna miras goýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn
diýen setirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň barha nurlanýan ajaýyp keşbinde özüniň ebedilik beýanyny tapdy. Dana Pyragynyň şular ýaly ençeme setirlerine siňen ajaýyp arzuwlarynyň wysal bolan gadymy türkmen topragynda şahyryň sarpasy belent tutulýar.
Etrek, Gürgen, Soňudagy, Gyzylbaýyr, Naýbadaý, Öýlük, Töreýit ýaly şahyryň şygyrlarynda duş gelýän geografik atlar türkmen halkynyň geçmişinden habar berýän ynamly çeşmelere öwrüldi. Çünki gadymy Dehistan topragynda ýerleşýän bu mekanlar Magtymguly Pyragy, onuň ussat pederi Döwletmämmet Azady ýaly ägirtleriň gezen ýerleri. Beýik Biribaryň nazary düşen bu topragyň üýtgeşik bir täsiriniň bardygyny Dehistan sebitlerine gadamy düşen her bir ynsan duýýandyr.
Akyldar şahyrymyz Dehistan ýurdy we onuň ajaýyp tebigaty barada köňlünden taraşlap şagladan şygyrlarynda «Dehistanyň baýrynda, bady-sabany görsem», «Şepagat eýle ýaran, şol Dehistana sary», «Şol jaýyndan nazar salsaň, ulug Dehistan görüner», «Dehistandan ösen ýeller dargady», «Tört müň Saklap, Senjap tört müň Dehistan, göýä geçip barýan sildir bu dünýä», «Umman, Hazar, Dehistan ýörsem, mizana düşmez», «Ähli-Kuhy-Kapdan Dehistan üzre, Bir mekan leşgerin saldy diýdiler» diýip, ençeme gezek ýatlap geçýär. Geçmişde ösen medeniýetli, mes toprakly, bol suwly Dehistan öz zamanasynyň jenneti mekany bolup, bu keramatly topraga zyýarat etmek şahyryň ýatsa-tursa arzuwynda bolupdyr. Diňe bir Dehistanyň baý taryhy geçmişi, onda baky aram tapan şehitlerdir öwlüýäleriň keramaty şahyry özüne imrikdirmän, onuň aýratyn häsiýetli tebigaty hem ony bendi edipdir. Belki şonuň üçin ol:
Dehistanyň baýrynda,
Bady-sabany görsem
diýip, Dehistanyň her saba-säherinde öwüsýän bady-saba ýellerini küýsändir.
Magtymguly atamyzyň «Gyzylbaýyr göwnüň açar» diýip taryplan Gyzylbaýry, söwdügi Soňudagy Hakdan halatly şahyryň göwün telwasyna öwrülipdir. Magrypdan maşryga dünýäniň suduryny «Bu dünýä» goşgusynda söz bilen çeken jahankeşde şahyryň dogduk mekany Etrek-Gürgen ýurduna bagyş eden setirleri aýratyn bir mähir bilen ýaňlanýar.
Gadymy Etrek ýurduny şahyr «Asly – gerkez, ýurdy – Etrek, ady Magtymgulydyr», «Ýurdym Etrek, ilim gökleň» diýen jümleler bilen ýatlap durupdyr. Şu ýerde şahyryň «Soňudagy» şygrynda tarypy ýetirilýän ýer-ýurt atlaryna seredip geçeliň.
Şahyr «Soňudagy» şygrynda nakgaşlyk bilen dag tebigatynyň suratyny çekýär. Göwün göteriji Gyzylbaýryň jümmüşine atarýan kesgin-kesgin ýollary diýermiň, derde derman ot-çöpüni diýermiň, sowuk çeşmeden teşneligini gandyran dürli-dümen mallaryny diýermiň, mahlasy, ussat suratkeşiň döreden uly sungat eseri göz öňüňde janlanýar. Şahyryň:
Hatarlanşyp kerwen öter,
Naýbadaýdyr ýoluň seniň
diýip, adyny agzaýan Naýbadaý gädigi Soňudagynyň güneýinden guzaýyna aşylýan gatnawly geçelge bolupdyr. Naýbadaý geçelgesinde bolup gören adamlaryň aýtmagyna görä, ol ýerde arabalaryň daşyň ýüzünde galdyran yzlary häzirem bildirip duran bolmaly. Esasy kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen bu geçelge kötel ýollary ýeňilleşdiripdir. Magtymguly atamyzyň:
Oýlukda ýaýlany gursak,
At çapdyryp, baýrak bersek,
Töreýitde harman gursak,
Nan dökmek hyýalyň seniň
diýýän ýerleri hem Soňudagynyň etegindäki düzlük bolmaly. Şu bentdäki «Oýluk» diýilýän ýer aslynda Öýlük bolmaly. Öýlük tekizligi çarwa ilatyň ýazlaga çykýan ýaýlasy bolmaly. Töreýit bolsa häzir Eýranyň çägindäki, Etrek derýasynyň boýundaky bu güne çenli galla hasyly alynýan ekerançylyk ýer bolup, şol ýerleri gözi bilen gören adamlaryň sözüne salgylansaň, häzir Eýranda ol «Töreýit harman jaýy» diýlip atlandyrylýan bolmaly. Sary bagşynyň beren maglumatlaryna görä, «Soňudagy» goşgusy Magtymgulynyň ýaşan ýeri bolan Soňudagy sebitlerini mejbury taşlap göçmeli bolanda ýazylypdyr diýen gürrüň bar. Muny şahyryň:
Magtymguly set açandyr,
Bu döwran senden geçendir,
Üstüňden iliň göçendir,
Niçik geçer halyň seniň?
diýen aýralyk hasraty duýulýan setirleri hem tassyklaýar.
Magtymgulynyň ömür ýoly bilen içgin gyzyklanýan edebiýatşynas Juma Ataýew «Danalar älemine seýran» atly uly göwrümli makalasynda Dehistanyň geografik ýerleşişi barada maglumat bermek bilen şeýle ýazýar: «Meşhur Şeýh Ferideddin Attaryň öz diwanynda getirýän kyssasyndaky waka, ýagny Hezreti Baýezid Bestamynyň her ýyl Dehistandaky şehitleriň guburyna zyýarata baryp gaýdandygy barada maglumat berilýär. Hezreti Magtymguly hem Dehistandaky şehitler baradaky häzirki wagta çenli syrly bolup galýan wakalary bilen bolmaly. Sebäbi ol hem özünden öňki ýaşap geçen beýik şahsyýetleri, ärleri, pirleri ýatlap, olaryň guburlaryna zyýarata gitmäge höwesiniň bardygyny nygtap ýazan şygrynyň ilkinji setirlerini Dehistany ýatlamak bilen başlaýar». Diýmek, Hezreti Magtymguly hem Dehistandaky şehitleriň guburlarynyň başynda agşamdan tä daňdana, ýagny bady-saba daň şemaly öwüsýänça oturyp, tagat etmegi ýüreginde besläpdir. Ýöne, gynansak-da häzire çenli Dehistanda aram tapan şol beýik şahsyýetleri anyklamak başartmady. Şonuň üçin hem bu mesele geljekde türkmen alymlary tarapyndan düýpli öwrenilmeli mesele bolup durýar.
Dehistanyň geçmiş taryhyny öwrenmekde dana Pyragynyň eserleri bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşme bolup durýar. Akyldar şahyryň doglan gününiň şanly 300 ýyllyk toýuna häzirden uly taýýarlyk görülýär. Gadymy Dehistan topragy şahyryň dogduk mekanyna çar tarapdan toý toýlamaga, zyýarata geljek myhmanlara öz gujagyny açar.
Aýsere Tagandurdyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.