Hy­taý­da hu­su­sy pu­da­ga de­giş­li kom­pa­ni­ýa­lar ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len “TL-2 Y1” at­ly gö­te­ri­ji ra­ke­ta­nyň il­kin­ji uçu­şy ama­la aşy­ryl­dy. Go­bi çö­lün­dä­ki kos­mod­rom­dan uçu­ry­lan ra­ke­ta uzak­dan duý­ýan aý­ra­tyn­ly­gy bo­lan eme­li hem­ra­ny kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne äkit­di. Mer­ke­zi eda­ra­sy Pe­kin­de ýer­leş­ýän “Space Pio­ne­er” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu ra­ke­ta­sy Hy­taý­da iş­le­nip taý­ýar­la­nan il­kin­ji su­wuk ýan­gyç­ly ra­ke­ta bo­lup dur­ýar. Mun­dan ozal Hy­ta­ýyň “i-Space”, “SQX-1 Y1” we “Ga­lactic Ener­gy”, “CERES-1” kom­pa­ni­ýa­la­ry öz ra­ke­ta­la­ry­ny kos­mo­sa uçu­ryp­dy. Su­wuk ýan­gyç­ly ra­ke­ta­lar ga­ty ýan­gyç­ly­la­ra ga­raň­da has kuw­wat­ly bol­ýan­dy­gy üçin kos­mos mak­sat­na­ma­la­ryn­da ula­nyl­ýar.
Hy­taý­da dür­li ulu­lyk­da­ky eme­li hem­ra­la­ry or­bi­ta çy­kar­mak üçin Hy­taý kos­mos awia­si­ýa bi­li­mi we teh­no­lo­gi­ýa­sy kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän we iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan “Long March” (Uzyn ýö­riş) ra­ke­ta­la­ry ula­nyl­ýar.
Gö­te­ri­ji ra­ke­ta­la­ryň önüm­çi­li­gi il­ki ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan ýo­la goý­lup­dy. Kos­mos mak­sat­na­ma­sy­ny özü­ne düş­ýän ba­ha­sy­ny ar­zan­lat­mak mak­sa­dy bi­len ABŞ-nyň Awia­kos­mos eda­ra­sy hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar bi­len şert­na­ma bag­la­şyp­dy. Hä­zir­ki wagt­da “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gö­te­ri­ji ra­ke­ta­la­ry we kos­mos gä­mi­le­ri ýük­le­ri we ast­ro­nawt­la­ry Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne gat­nat­mak­da ula­nyl­ýar. Şeý­le hem eme­li hem­ra­la­ryň or­bi­ta çy­ka­ryl­ma­gy üçin bu ra­ke­ta­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Awia­si­ýa pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy hem kos­mos gä­mi­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ýar.