Dünýäniň görki, ojagyň diregi bolan mähriban enelerimizi hormatlamak, enäniň mertebesini belentde sarpalamak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Enäniň görüm-göreldesi, ýol-ýörelgesi ýaş nesillere terbiýe mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eseri her ynsanyň kalbyna mähir bolup ornady. Ene mukaddesligini dolulygyna açyp görkezýän bu ajaýyp eser dünýämize täze bir öwüşgin çaýdy. Ene mukaddesligi milli röwüşde beýan edilen bu gymmatly eser mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpanyň belentdedigini äşgär edýän söýgi bolup kalplara ýol salýar.
Ene mukaddesligini Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýolundan hem görmek bolýar. Ogulabat ejäniň milletimiziň mizemez gymmatlyklarynyň, asylly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagy, halkymyzyň iň gowy däpleriniň aýawly saklanmagy we baýlaşmagy ugrunda bitiren nusgalyk işleri buýsanja mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesiniň bejeren kürtesi, şeýle-de öz eli bilen ören joraby Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bahasyz gymmatlyklaryna öwrüldi. Ogulabat eje diňe bir Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi bolman, eýsem, tutuş türkmen halkynyň käbesi hem enesidi. Eli hünärli, giň dünýägaraýyşly, mirasymyza, milli däp-dessurlarymyza uly sarpa goýýan mertebeli zenandy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda zenan mertebesini belende galdyrmak ugrunda paýhasly syýasaty alyp barýar. Ýurdumyzda enelere, gelin-gyzlara goýulýan sarpa her bir raýatymyzy yhlasly zähmete ruhlandyrýar, jemgyýetimizde gelin-gyzlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna ýol açýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzda eneligi goramaga gönükdirilýän maksatnamalaýyn işleriň barha rowaçlanýandygy diýseň buýsandyryjydyr. Ene mukaddesligi beýik söz sungatynyň, halk döredijiligimiziň üsti bilen çäksiz ylham, joşgun bilen beýan edilýär. Çünki ene – ýaşaýşyň gözbaşy, ähli zadyň sakasy hökmünde arzylanýar.
Gahryman Arkadagymyz özüniň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eserinde şeýle belleýär: «Dünýä eneleriň mähribanlygyndan nurlanýar. «Ene» düşünjesinden «ene ýer», «ene toprak», «ene dil» ýaly söz düzümleri emele gelýär. Enäniň dünýäniň başlangyjy bolmagy hakyndaky düşünje, bu mähriban ynsanyň ýaratmak bilen umumylygynyň, dünýäde dörediji hökmündäki tebigy häsiýetlendirilmesiniň gözbaşydyr. Eneleriň bahara meňzedilmegi hem şonuň üçindir.
Bahar paslynyň gelmegini tebigatyň ynsana ýalkaw inderen pursady diýip kabul eden ata-babalarymyz iň gözel oý-pikirleriň netijeliliginde hem bahary hem-de oňa mahsus bolan döredijilik güýjüni görýärler. Şonuň üçin hem goýnunda owadan gülleri, baglary gülledýän, şemalyň, Günüň, suwuň ýakymy bilen demine alýan mukaddes toprak hem enedir».
Maşgalada, çaga terbiýesinde enäniň orny uludyr. Türkmen ojagynyň ýylysy, mähri, türkmen öýüniň eýesi hasaplanýan enäniň asylly häsiýetleri bilen bir hatarda, işeňňirligi barada gürrüň etmek hem parzdyr. Öý-hojalyk işleri bilen bir hatarda, mähriban enelerimiz nepisligi, owadanlygy bilen dünýä ýüzüne tanalan ajaýyp türkmen halylaryny hem dokaýarlar. Olar gyzlaryna haly dokamagy öwredip, çeper el hünärini nesilden-nesle geçiripdirler. Biz milletimiziň kalby, buýsanjy hasaplanýan halyny, müňlerçe ýyl ozal bolşy ýaly, iň kämil sungat hem-de hiç haçan gaýtalanmajak ruhy gymmatlyklarymyz diýip hasaplaýarys.
Ýurdumyzda gelin-gyzlarymyzyň ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, işlemegi, asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Garaşsyz Watanymyzda ylymly-bilimli mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär, eneligi we çagalygy goramaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.
Şu ýerde «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eserde eneler barada aýdylan pähimli sözleriň ýene-de birnäçesini ýatlap geçmek isleýäris. «Ene – beýikleri dünýä inderýän beýiklik», «Arşdan saňa inderilen iň uly serpaý – bu ene mähri», «Adamyň öz mähribanlary baradaky ýatlamalary onuň durmuşynyň iň gyzykly we ýakymly ýatlamalarydyr», «Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur», «Perzent üçin ata-ene uly görelde, durmuşa söýginiň gözbaşy», «Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir», «Hünäre bolan söýginiň kemala gelmeginde maşgalada her günki eşidilýän gürrüňleriň ähmiýeti juda uludyr».
Daýanç MÄTIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.