(Erteki)

Ga­dym za­man­lar­da bir daý­han bo­lup, onuň pu­ka­ra dos­ty bar eken. Gün­le­riň bir gü­ni onuň ýa­ny­na ga­ryp dos­ty ge­lip, bug­daý ek­mek üçin ýer bö­le­gi­ni eke­ri­ne ber­me­gini ha­ýyş edip­dir. Daý­han onuň ha­ýy­şy­ny ka­na­gat­lan­dy­ryp, öz ýe­ri­niň bir çe­tin­den oňa ýer bö­lüp ber­ýär. Ýer edi­ne­ni­ne öz ýa­nyn­dan mon­ça bo­lan ki­şi ýer sür­mek üçin aga­synyň iki ökü­zi­ni di­läp al­ýar. Aga­syn­dan mö­hü­mi bi­ten ben­de aza­ly öküz­le­re go­şup, ýer sür­mä­ge gi­riş­ýär. Ol öküz­ler bi­len iki­ba­ka ýer sü­rüp ýör­kä, aza­lyň ujy bir ga­ty za­da de­gip geç­ýär. Daý­han öz ýa­nyn­dan: «Öň bu ýer­de agaç ösüp, gu­ran­soň töň­ňe­si ga­lan bol­sa ge­rek. Aza­lyň ty­gy şo­ňa de­gäý­di öýd­ýän» di­ýip, öz ýa­nyn­dan pi­kir öwür­ýär. Ýe­ri sü­rüp bar­şy­na pe­liň bir gy­ra­sy­na çy­kan daý­han: «Öküz­ler bi­raz dyn­jy­ny al­ýan­ça, gel gow­usy men şo töň­ňä­ni köw­läp aý­ra­ýyn-la» diý­ýär-de, eli­ne pi­li­ni alyp, ýaň­ky ýe­re bar­ýar. Bir-iki de­pim gum aý­ran ba­dy­na ol ýer­den töň­ňä de­rek bir küý­ze al­tyn çyk­ýar. Göz­le­ri­ne ynan­ma­dyk daý­han al­tyn­ly küý­zä­ni pe­liň gy­ra­sy­na el­tip goý­ýar-da, sü­rüm iş­le­ri bi­len meş­gul bo­lu­ber­ýär. Ol sü­ren ýer­le­ri­ne to­hum se­pip, suw tut­ýar.
Ikin­di çag­la­ry daý­han küý­zä­ni hor­ju­ny­na sa­lyp, eg­ni­ne at­ýar-da, öküz­le­ri hem öňü­ne sa­lyp oba do­lan­ýar. Ol ýo­lug­ra öküz­le­ri aga­sy­na gow­şu­ryp, ýer be­ren dos­tu­nyň öýü­ne bar­ýar. Ga­ryp daý­han dos­ty bi­len hal-ah­wal so­ra­şan­soň:
– Dos­tum, eke­ri­ne alan ýe­ri­mi sü­rüp ýör­käm, yn­ha şu küý­zä­ni tap­dym. Içem al­tyn­dan do­ly. Men ony sa­ňa gow­şu­ra­ýyn di­ýip gel­şim – diý­ýär.
Baý daý­han ga­ryp dos­tu­na ho­şa­maý­lyk bi­len ga­rap:
– Men ýe­ri­mi sa­ňa ber­dim. On­soň ol ýer­den ta­py­lan za­dam, alan ha­sy­ly­ňam özüň­ki bol­ýar. Men ýe­riň as­tyn­da nä­mä­niň bar­dy­gy­ny ni­re­den bi­le­ýin?! Diý­mek, küý­ze­dä­ki al­tyn­lar se­niň ne­si­bäň – di­ýip, dos­tu­ny ýo­la sal­ýar.
Ha­lal­ly­gy hem­ra edi­nen ga­ryp daý­han al­tyn­ly küý­zä­niň özü­ne ber­len­di­gi­ne gö­wün­siz bo­lup, oba­nyň ket­hu­da­sy­nyň ýa­ny­na ba­ryp, oňa bo­lan ýag­da­ýy gür­rüň ber­ýär. Ket­hu­da bol­sa, al­tyn­la­ry oba­nyň mä­täç­le­ri­ne paý­la­ma­gy mas­la­hat ber­ýär. Şeý­le­lik­de, ga­ryp daý­han küý­ze­dä­ki al­tyn­la­ryň äh­li­si­ni gü­ne­na­ma­sy­ny zor­dan aý­la­ýan maş­ga­la­la­ra bö­lüp be­rip, öz işi bi­len bo­lu­ber­ýär. Şol ýyl daý­ha­nyň eki­ni şeý­le bir bol ha­syl ge­tir­ýär we­lin, ol az wag­tyň için­de gurp­ly daý­han­la­ryň ha­ta­ry­na go­şu­lyp, ha­lal­lyk­da, dog­ru­çyl­lyk­da il için­de özü­ni ta­na­dyp, bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şa­ber­ýär.

«Ek­len­jiň yzyn­dan di­ňe ha­lal­lyk ýe­ter»