Bag­ty­ýar dur­mu­şyň bar ýe­rin­de ra­hat­lyk, asu­da­lyk, ag­zy­bir­lik, dö­re­di­ji­lik hö­küm sür­ýär. Ýa­şa­ýyş-dur­muş mak­sat­ly müm­kin­çi­lik­le­riň, şert­le­riň dö­re­dil­me­gi türk­men ra­ýat­la­ry­nyň, mer­te­be­li ze­nan maş­ga­la­la­ryň ba­şy­ny gö­ge ýe­tir­ýär. Köp ça­ga­ny ös­dü­rip ke­ma­la ge­tir­mek, her bir ça­ga­nyň dur­muş­da­ky or­nu­ny kes­git­le­mä­ge kö­mek ber­mek il­ki bi­len ene-ata­nyň baş we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň maş­ga­la bi­len bag­ly me­se­le­ler­de uly gol­da­wy öz üs­tü­ne al­ma­gy jem­gy­ýe­tiň has-da kä­mil­leş­me­gi­ne öz oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň paý­tag­ty­myz­da we äh­li we­la­ýat­la­ry­myz­da yzy­gi­der­li gu­rup ulan­ma­ga ber­ýän sag­lyk mer­kez­le­ri­niň, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýan yl­my kli­ni­ka­la­ryň, dün­ýä­niň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan has­sa­ha­na­la­ryň äh­li­si hem il-gü­nü­miz üçin ed­ýän ir­gin­siz ala­da­la­ry bo­lup dur­ýar.

«Bi­ziň döw­le­ti­miz ze­nan­la­ry­my­zyň asu­da, aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, yh­las­ly zäh­met çek­me­gi, my­na­syp ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­me­gi üçin he­mi­şe ala­da eder» diý­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da eziz Di­ýa­ry­myz­da mu­kad­des Kä­bä de­ňel­ýän ene­le­ri­mi­ziň, bä­gül ki­min ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň sy­lag-hor­ma­ty çäk­siz­dir.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ki­ta­by eziz kä­be­si Ogu­la­bat ejä­niň gö­rel­de­li öm­rü­ne, per­zent ter­bi­ýe­si­ne, il-gü­ne bo­lan mäh­rem ga­ra­ýyş­la­ry­na, şo­nuň ýa­ly-da, türk­men ze­nan­la­ry­nyň dur­mu­şy­na, ýur­du­my­zyň ene­le­ri­ne ba­gyş­la­nan aja­ýyp eser­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň kä­be­si­ne ba­gyş­lan aja­ýyp ýat­la­ma­la­ry her bir türk­men ze­na­ny­nyň kal­byn­da buý­sanç dö­red­ýär.
Ogu­la­bat eje bi­ziň äh­li­mi­ze, hu­su­san-da, ýaş ge­lin-gyz­la­ry­my­za nus­ga­lyk ze­nan­dyr. On­da türk­men ze­na­ny­na mah­sus sa­ly­hat­ly­lyk, ka­na­gat­ly­lyk, döw­let­li­lik, be­lent adam­kär­çi­lik, maş­ga­la oja­gy­na we­pa­ly­lyk, çe­per el­li­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry jem­le­nen­dir. Ogu­la­bat ejä­niň maş­ga­la oja­gy­na bo­lan yh­la­sy, şeý­le-de el hü­nä­ri­ne ber­ýän ün­si ba­ra­da nä­çe aýt­saň-da bär­den gaýd­ýar. Çün­ki Ogu­la­bat eje her keş­dä­ni nag­şa, her nag­şy gö­zel­li­ge, her gö­zel­li­gi bol­sa sun­gat ese­ri­ne öwür­me­gi ba­şar­ýan ze­nan­dy. Ogu­la­bat ejä­niň öz eli bi­len ören ala­ja­sy­ny hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz tä­ze dog­lan taý­la­ryň, be­dew­le­riň boý­nu­na da­kar­dy.
Şeý­le-de, Ogu­la­bat ejä­niň on bar­ma­gy­nyň hü­nä­ri bo­lan, sün­nä­le­nip be­je­ri­len kür­te Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýin­de sak­lan­ma­gy hem buý­sanç­ly wa­ka­dyr.
Bu gün ata Wa­ta­ny­myz­da türk­men ze­na­ny­nyň ba­şar­ny­gy­na, uky­by­na uly ba­ha be­ril­ýär. Türk­men ze­na­ny dö­wür bi­len aýak­daş bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ze­nan­lar dur­muş-yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ry­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ha­lal zäh­met çek­ýär­ler. Ýurdumyz­da döw­let jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­ni ama­la aşyr­ma­gyň äh­li ugur­la­ryn­da ze­nan­la­ryň iş­jeň or­ny bar. Ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­de öz my­na­syp or­nu­na eýe bol­ma­ga, döw­let iş­le­rin­de jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri alyp bar­ma­ga, giň de­mok­ra­tik esas­lar­da saý­law­la­ra gat­naş­ma­ga, saý­la­ma­ga we saý­lan­ma­ga, in­tel­lek­tu­al ul­gam­lar­da öz dö­re­di­ji­li­gi­ni ös­dür­mä­ge äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir hem-de şeý­le hu­kuk­lar ka­nun esa­syn­da ber­ki­di­len­dir. Al­nyp ba­ryl­ýan şeý­le asyl­ly iş­ler ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ze­nan sar­pa­sy­nyň has be­lent­de dur­ýan­dy­gy­ny aý­dyň­ly­gy bi­len su­but ed­ýär. Ene­ler – ýa­şaý­şyň göz­ba­şy, yn­san kal­by­nyň öç­me­jek nu­ry, gö­rüm-gö­rel­de mek­de­bi­dir.

Mäh­ri ŞY­HY­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.