Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň edebi mirasyny, ömrüni we döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şu jähetden biz aryf-akyldar, beýik söz ussady Döwletmämmet Azadynyň öz ýaşan manyly ömründe il-halkyň bähbidi üçin alyp baran işlerini ýüze çykarmak maksadyna eýerip, onuň ýaşap geçen ýurdunda, ýagny Gyzylbaýyr obasynyň dag eteginde gurduran gädigine zyýarat etdik.
Obanyň günbatar ýüzünde akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň Soňudaga buýsançly seredip oturan ajaýyp heýkeli bar. Heýkelden Etrek ýoly bilen günbatarlygyna bäş ýüz metr ýaly ýöräp, Döwükburun ady bilen tanalýan belli gädikden geçip, Aksin jülgesine düşüp, gaýralygyna otuz ýedi kilometr ýöreseň il içinde «Azady gädik» ady bilen meşhur bolan, kert daşly gaýany ýykyp, peseldip, geçelge edilen uly bir taryhy gädige – «Azady gädige» barýarsyň.
Bu gädigi beýik söz ussady Döwletmämmet Azady uzak ülkelere söwda-satyk, alyş-çalyş işleri bilen argyşa gidip gelýän kerwenleriň ýoluny gysgaltmak maksady bilen adamlary ýygnap, ýowar geçirip, ötmesi kyn bolan ötelgäni gazdyryp, ep-esli peseldip, agyr ýükli kerwenleriň bu gädikden sag-aman geçmeklerini ýeňilleşdiripdir. Şeýlelikde, öňler bu ýerden aýlanyp geçilýän ýol ep-esli gysgaldylypdyr. Maglumatlara görä, aryf-akyldar 1696-njy ýylda dünýä inipdir. «Wagzy-Azat» eserini bolsa ol kämillik käsesiniň dolan wagty 1753-1754-nji ýyllarda 57-58 ýaşlarynda ýazypdyr. Akyldaryň aradan çykan wagty 1760-njy ýyl bilen senelenýär. Şu senelerden çen tutsaň Azadynyň Çaltjada ýowar edip, öz hasabyna geçelge gurduran ýyly, takmynan, 1755-nji ýyla gabat gelip, Döwletmämmet Azady 58-59 ýaşlarynda, Magtymguly bolsa 22 ýaşlarynda eken.
Ýol çekmek, köpri salmak ýaly asylly işler 4 bapdan, 6 müňe golaý setirden, 2334 beýtden ybarat bolan Azadynyň meşhur «Wagzy-Azat» eseriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle gymmatly eseri öz iline miras goýup giden Döwletmämmet Azady il-ýurt bähbitli işleri iş ýüzünde amal etmekde görelde görkezipdir.
Filologiýa ylymlarynyň kandidaty, alym, Türkmenistanyň halk mugallymy, meşhur mirasgär Ümür Esen Azadynyň gazdyran gädigine ýörite zyýarata gidip, Gyzylbaýyrly ýaşaýjylar Kömek Annasähedow, Keşer Amanow, Setdar Taýlyýew, Mämmet Hajygylyjow bilen ol ýere baryp gelýär. Ol zyýaratdan soň oba adamlarynyň öňünde çykyş edip: «Azady, Magtymguly ýaly dünýä belli şahsyýetleriň ömri we döredijiligi çuňňur öwrenilmelidir, olar bilen baglanyşykly her bir zat aýawly saklanylmalydyr» diýip, buýsanç bilen aýdýar.
Men 2018-nji ýylyň baharynda Azady gädige zyýarata baryp gaýtmak maksady bilen Gyzylbaýyra gitdim. Azady pire, Magtymguly akyldara uly hormat goýýan obanyň ýaşaýjylary Täçmyrat Ýolamanow, Baýramguly Esenamanow, Şirmämmet Atamämmedow bilen biz Azady gädigine zyýarata bardyk. Gazdyrylanyna 260 ýyldan gowrak wagt geçenem bolsa gädigiň sudury, kerwen ýoly mese-mälim bildirip dur. Biz kerwen ýoluny yzarlap, gädigiň başlanýan ýerinden, depesine çenli çykdyk. Aralyk, takmynan, 100-150 metr çemesi bar. Ýoluň ini, takmynan, 5 metr ýaly bolup, gädigiň depesine çykýançaň iki ýerde aýlançagrak edilip gurlupdyr. Ýükli düýeleriň ýokary galyp ýa-da aşak inip barýarkalar, birneme dynç alyp, demini dürsemekleri üçin bu şeýle edilen bolara çemeli. Gädikden geçeniňden soň, ýol belent deräniň içi bilen gündogara – Öýleguşluk obasyna tarap gidýär.
Öýleguşluk Azady gädikden, takmynan, 25-30 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Kerwen ýoly Öýleguşlugyň günbatar tarapyndan gaýralygyna uzap, Parawbibiniň gündogaryndan göni demirgazyga geçipdir we Uzboý, Köneürgenç, Hywa, Buhara ýollary bilen alyslara gidipdir. Meşhur Naýbadaý gädiginiň, Azady gädiginiň üsti bilen geçýän bu möhüm kerwen ýoly Türkiýe, Eýran, Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Hindistan, Hytaý, Owganystan, Pakistan ýaly döwletleri birleşdiripdir. Bu döwletleriň arasynda alyş-çalyş, söwda, ylym-bilim, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, adamlaryň dostlukly gatnaşmaklaryna giň ýol açypdyr. Şonuň üçinem Azady piriň il-ýurt bähbitli, ylmyň, medeniýetiň, goňşy döwletler bilen dostlukly agzybir gatnaşyklaryň ösmegine uçursyz hyzmat eden bu geçelgesi döwletleriň arasynda gurlan dostluk köpri bolup hyzmat edipdir. Şonuň üçin hem bu geçelgäniň belli bir bahasy bolmandyr. Azady pire, Magtymguly şahyra hormat goýýan her bir ynsan üçinem ol keremli ýerlere zyýarat etmek uly mertebedir.
Şamämmet Atamämmedow, žurnalist.