UEFA Zenanlar Çempionlar Ligasynda 2-nji finalçy hem belli bolup, Germaniýanyň «Wolfsburg» topary finala adyny ýazdyrdy. Londondaky «Emirates» stadionynda oýnalan ýarym finalyň jogap oýnunyň esasy wagtynda 1-nji oýundaky hasap gaýtalanyp, 2-2 deňlikde tamamlandy. «Arsenalyň» gollaryny 11-nji minutda Stina Bläkstenius, 75-nji minutda-da Jen Betti, «Wolfsburgyň» gollary bolsa 41-nji minutda Jill Roord hem-de 58-nji minutda Aleksandra Popp geçirdi. Goşmaça wagtyň tamamlanmagyna 1 minut galanda, has takygy, 119-njy minutda Pauline Bremer nemes klubuna ýeňiş getiren goly geçirdi. Şunlukda, 2 oýnuň netijesi boýunça 5-4 öňe saýlanan «Wolfsburg» finalda «Barselonanyň» garşydaşy boldy. «Wolfsburg» topary 6-njy gezek finala çykyp, olar mundan öň 2013-nji we 2014-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy. 2016-njy, 2018-nji hem-de 2020-nji ýyllarda bolsa finalda Fransiýanyň «Lion» klubundan asgyn gelipdi.

«Barselona» bilen «Wolfsburgyň» arasyndaky final duşuşygy 3-nji iýunda Niderlandlaryň Eýndhowen şäherindäki «Philipps» stadionynda oýnalar.