Gaýybana syýahat

Gü­nor­ta Ýu­waş um­ma­ny­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän Pas­hi wul­kan ada­sy özü­niň Ra­pa­nui mil­li se­ýil­gä­hi bi­len dün­ýä­niň meş­hur ýer­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 700-nji ýyl­lar­da ada­da ýa­şan po­li­ne­zi­ýa­ly­lar ynanç­la­ry üçin «Moai» (eýe) at­ly ägirt uly daş heý­kel­le­ri­ni oýup ýa­sap­dyr­lar. Ar­heo­lo­gik bar­lag­la­ryň ge­çi­ri­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan bu heý­kel­le­riň nä­me se­bäp­den ýa­sa­lan­dy­gy en­te­gem syr­ly­gy­na gal­ýar.
XVIII asyr­da uzak ýurt­lar­dan edi­len sy­ýa­hat­la­ryň ne­ti­je­sin­de 1888-nji ýyl­da Pas­hi ada­sy Çi­li döw­le­ti­ne bi­rik­di­ril­ýär. 1995-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len bu ada­da po­li­ne­zi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ne de­giş­li bir­nä­çe ala­mat­lar sak­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Pas­hi ada­syn­da 887 sa­ny äpet moai heý­ke­li bar. Heý­kel­le­riň be­ýik­li­gi 4 metr­den 10-12 met­re çen­li bo­lup, bir­nä­çe­si­niň ýe­re göm­lüp bar­ýan­dy­gy se­bäp­li, di­ňe kel­le bö­le­gi gö­rün­ýär. Bu heý­kel­le­riň ag­ra­my ulu­ly­gy­na gö­rä 13-82 ton­na ba­ra­bar­dyr.
Pas­hi dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­den düý­bün­den ta­pa­wut­lan­ýan ada­dyr. Ada­nyň tö­we­re­gin­de to­kaý­lyk­lar bol­sa-da, Pas­hi­de hiç hi­li agaç ýok. Şol se­bäp­li ada­da jan­ly-jan­dar­la­ryň hem kä­bir gör­nü­şi duş gel­ýär. Bi­ler­men­le­r mu­nuň se­bä­bi­ni ada­da ýa­şa­ýan ila­tyň kö­pel­me­gi bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Şeý­le hem bu ýer­de in­ter­net bi­rik­me­si ýok. 2012-nji ýyl­da­ky ilat ýa­zu­wy­na gö­rä, ada­da 5 müň 800 tö­we­re­gi ýa­şaý­jy bar. Pas­hi ada­syn­da süý­ji su­wuň he­mi­şe­lik çeş­me­si­niň ýok­du­gy se­bäp­li bu ýer­de ýa­gyş­dan in­no­wa­si­on usul­lar­da içim­lik su­wy alyn­ýar.
Pas­hi ada­sy bar­ma­sy kyn­dy­gy­na ga­ra­maz­dan sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Ra­pa­nui mil­li se­ýil­gä­hin­de ge­ze­lenç ed­ýän myh­man­lar heý­kel­le­ri syn­la­mak bi­len bir ha­tar­da ada­nyň ke­na­ryn­da dynç al­ýar­lar. Ada­da heý­kel­ler bi­len bir ha­tar­da po­li­ne­zi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ne de­giş­li bir­nä­çe pet­rog­lif­ler (gaýa­la­ra çe­ki­len su­rat) hem bar.