Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen medeniýeti barha belende galýar. Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni gymmatlyklary gorap saklamak hem-de artdyrmak bilen bagly syýasat türkmen medeniýetiniň täze derejä çykarylmagyna we halkara giňişlikde Türkmenistanyň häzirki zaman keşbiniň berkarar bolmagyna uly itergi berdi. Şunuň bilen baglylykda, medeni diplomatiýanyň ösdürilmegine, şol sanda döredijilik forumlarynyň guralmagyna aýratyn orun degişlidir.
Baý we gadymy medeniýete eýe bolan halkymyz köpasyrlyk taryhyna aýawly çemeleşýär, ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga we milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmäge aýratyn üns berýär. Milli gymmatlyklarymyzy we medeni döredijiligimizi giňden wagyz etmek maksady bilen daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär we köp sanly döredijilik saparlary amala aşyrylýar.
Ýaňy-ýakynda, ýagny 22–26-njy maý aralygynda Rumyniýada geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen tagallalaryň, iki döwletiň halklarynyň birek-biregiň taryhyna, medeniýetine uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Rumyniýanyň paýtagty Buharestde hem-de Konstansa şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna gabatlanyp halkara maslahat, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi, döredijilik duşuşyklary, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Istärin» atly filmiň görkezilişi, şeýle hem sungat ussatlarynyň konserti, häzirki zaman we milli lybaslaryň görkeziliş dabarasy guraldy.
31-nji maý – 2-nji iýun aralygynda Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli dostlukly döwletiň paýtagty Ýerewandaky Aram Haçaturýan adyndaky konsert zalynda Türkmenistanyň we Ermenistanyň sungat ussatlarynyň gala konserti geçirildi. Şeýle hem bu medeni çäräniň çäklerinde Owanes Şarambeýan adyndaky halk sungaty muzeýinde ýurdumyzyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi guraldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellemäge uly taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoluna bagyşlanyp surata düşürilen çeper filmiň görkeziliş dabarasy hem geçirilýär. Bu gezek hem Ermenistanyň kino işgärleriniň geňeşinde «Magtymguly» atly çeper film ermeni tomaşaçylarynyň dykgatyna ýetirildi. Ýurdumyzyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy Ermenistanyň Artaşat şäherinde bolup, ol ýerdäki Amo Hazarýan adyndaky drama teatrda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.
Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasy, senetçilik we ussaçylyk däplerini, amaly-haşam sungatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Gülnar ATAKIŞIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby.