Ajaýyp zamanamyzda durmuşymyz barha özgerip, her bir raýatyň rahat, bolelin ýaşaýşy üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde raýatlaryň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine, ömrüniň howpsuzlygynyň gazanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Ilatyň ýaşaýyş derejesini döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, olaryň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga ýardam berjek döwrebap serişdeler bilen enjamlaşdyrylmagy sürüjilere we pyýadalara hereket etmekde ähli amatly şertleriň döredilýändiginiň kepilidir.
Şu ýylyň 29-njy iýunynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden goýlan – döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.
Bu «akylly» şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri – elektrobuslar we elektrotaksiler hereket edýär. Şeýle hem täze şäherde halkara ülňülere laýyk gelýän köp şahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar, häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Hususan-da, «Intelligent Transportation System» (ITS) ulag ulgamlaryny düzmekde we ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde innowasion işläp taýýarlamalar ulanylýar. Degişli ýol belgileri oýlanyşykly gurnalyp, ýol hereketiniň howpsuzlygyna we netijeliligine, oňa gatnaşyjylaryň – sürüjileriň, pyýada ýolagçylaryň ählisiniň has oňaýly özara hereketlerine ýardam berýär.
Täze elektrobuslar we elektromobil taksiler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ýokary hilli, medeniýetli hyzmaty üpjün eder. «Duralga» we «Ynamly taksi» ýaly programmalary ulanmak üçin QR-kod hyzmaty döredilipdir. Ýol töleglerini we onlaýn buýurmalaryny nagt däl görnüşinde amala aşyrmak üçin ýörite terminallar göz öňünde tutulypdyr. Şaýollarda jemgyýetçilik ulagy üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmegi hem ýolagçylar üçin amatlyklary döredýär. Ulaglaryň hereketine gözegçilik sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Elektrobuslaryň, elektromobilleriň ulanylmagy şäherde ekologiýa abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär.
Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler ildeşlerimizi buýsandyrýar. Dünýä ülňülerine gabat gelýän ýollaryň çar ýana uzamagy bolsa, ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň ösmeginde uly goşant bolup durýar.
Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny berjaý etmäge diňe bir sürüjiler borçly bolman, eýsem, pyýadalar hem borçludyr. Sebäbi ýol hereketiniň howpsuzlygy biziň her birimize baglydyr. Howpsuz hereketi üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ilkinji nobatda, sürüjiler bilen pyýadalaryň hereketiniň sazlaşykly bolmagy hökmanydyr.
Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça düşündiriş we öňüni alyş çäreleri içeri işler edaralarynyň işiniň iň möhüm böleklerinden biridir.
Ýalkap HUDAÝBERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap PB-niň PÝGB-niň wagyz nesihat işleri boýunça
gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.