Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýokary derejede sarpalanýar, şygyrlary içgin öwrenilýär. Gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan merdana halkymyz hemişe gujur-gaýratyna bil baglap, akyl-paýhasa hormat goýup, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň paýhas eleginde elenen dürdäne jümlelerini ýol-ýörelge edinip ýaşapdyr. Şahyr bolsa giň dünýägaraýşyny dury pikirleriň, aň-paýhasyň üsti bilen öz goşgy setirlerinde beýan edipdir.
Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän akyldar şahyryň mertebesi türkmen halky üçin hemişe belentdir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde hem-de Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek, ýörelge edinmek, has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýar.
Beýik akyldar, filosof Magtymguly Pyragy adamzadyň, halkyň aladasy bilen ýaşapdyr, asuda, erkin, bagtyýar durmuşy, berkarar döwleti, ajap eýýamy arzuw edipdir, öz zehin eleginde elenen dürdäne setirler bilen döwürdeşlerine, geljekki nesillere hemişe ynsan mertebesini belent tutmagy, Watany ýürekden söýmegi, halk bilen bir jan-bir ten bolmagy, mätäje howandarlyk etmegi, halal ýaşamagy ündäpdir.
Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 2024-nji ýylda belleniljek 300 ýyllyk şanly senesine ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň akyldar şahyrydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Magtymguly akyldar halkymyzyň akyl-paýhasa bolan yhlasly ymtylmasyny beýik derejä göterdi. Il-halkyň paýhasynda özleşdirilen bu ýörelgeler durmuş ulgamyna öwrüldi» diýip belleýär.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyz gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, akyldar şahyrymyz, türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmen edebiýaty barada dürdäne pikirleri aýtdy, nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip toýlanjakdygy barada belledi.
Milli Liderimiziň akyldar şahyrymyz baradaky täze goşgusy bolsa Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň dabarasyny has-da belende göterdi, bu toýuň şanyna dowam edýän döwlet hem halkara derejeli çärelere görülýän uly taýýarlyga täze güýç berdi, bütin türkmen halkyny, dünýäni ýene bir gezek bu toýuň şatlygyna, dabaralaryna goşulmaga çagyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary hem-de ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen halkynyň akyldary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köpsanly medeni çäreler geçirilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi hem akyldar şahyra goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Akyldar şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri, juda köptaraply temalar boýunça ýazan şygyrlaryndaky parasatly pikirleri hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň döredijiliginde ynsanda belent ahlak sypatlary terbiýelemek meselesine uly orun berilýär. Beýik şahyr şygyrlarynda türkmen halkynyň ruhy-ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýaly belent sypatlaryny wagyz edipdir. Onuň umman ýaly giň we çuň, köptaraply, ideýa-mazmuna baý döredijiliginde türkmen halkynyň däbine, dessuryna, ruhy ýörelgesine öwrülen, watançylyk, halallyk, agzybirlik, arassa ahlaklylyk, edeplilik, sabyr-kanagatlylyk, adyllyk, pespällik baradaky öwüt-nesihatlara ýugrulan goşgulary esasy orny eýeleýär.
Orazguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.