Türkmen topragyna rysgal-berekediň nuruny saçyp altyn güýz geldi. Bu ýyl aýdymlarda-goşgularda waspy ýetirilen güýzüň türkmeniň sahawatly topragyna gelşi has-da üýtgeşik. Onuň goja Zeminiň gapysyndan ätläp, mübärek gadamy bilen bol hasylly meýdanlary, ynsanyň bagtyna deňelýän ak pagtany, gözüň ýagyny iýip barýan näz-nygmatlary boldan getirişi kalplara ganat, Zemine zynat berýär. Ynha, düzüm-düzüm bolup, gök asmany gulaçlap durnalar geçer. Olaryň topar tutup uçup, gykuwlaşyp baryşlary hem üýtgeşik. Olaryň seslerinde aýralygyň däl-de, ýene-de gaýdyp geljekdikleriniň hoş owazy ýaňlanýan ýalydyr.
Hawa, eneleriň ýyly mährine meňzeş yssy çogy bilen üç aýlap ene Ýeriň gerşini gyzdyran tomus, öz ornuny sary güýze berdi. Binýady halallykdan berkarar bolan türkmen Diýarymyzda toý-baýramlara baý güýz paslynyň orny aýratyn üýtgeşik. Şu pursatlarda zerbap güýzüň goýnuny altyn monjuk bilen bezejek ýakymly wakalar göz öňümizde janlanýar.
Bu pasylda halkymyz bir-birine sepleşip gidýän seneleri – Bilimler we talyp ýaşlar gününi, Jeýhun bilen bahry-Hazar arasynda ýaşaýan külli türkmen iliniň toýlaýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny, güýzüň örküji oktýabr aýynyň 1-ine Ýaşulularyň Halkara gününi, güýzüň ahyrky aýy bolan noýabryň ikinji ýekşenbesinde bolsa, Hasyl toýuny bellär.
Halkymyzda «Jüýjäni güýz sanaşarlar» diýen nakyl hem bar. Bu söz güýz gelende hasyl ýygnalýandygy üçin aýdylýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» romanynda şeýle belleýär: «Güýz – hasaplaşyk möwsümi. Seniň kimdigiň mizana münýän döwri». Baglaryň şahalarynda bulduraşyp duran almadyr narlaryň, Günüň ýiti şöhlesini siňdirip ýetişen salkym-salkym üzümleriň, gök önümleriň, içine bal atylan ýaly gawun-garpyzlaryň bol hasyly, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän pagta meýdanlarynda ak patrak bolup açylan pagta güýzde ýygnalýar. «Ak kerwenler» dili senaly ýaşulularymyzyň ak patasyny alyp ýola düşýärler. Şonuň üçin bu döwürde topraga tagzym edip, ýere yhlas eden daýhanyň hem, gyşyň çapgyn sowugyna, tomsuň jöwzaly yssysyna döz gelip, malyny haly hasaplaýan maldaryň hem azaby ýerine gowuşsyn diýesiň gelýär.
Güýz paslynda daş-töwerekdäki agaçlar egnine sary donuny geýip, gözelligi bilen hemmäni haýrana goýýar. Ýeriň ýüzünde agaçlaryň altyn ýapraklary ýazylyp ýatyr. Bu görnüşler misli asmandan altyn bölejikleri ýagýan ýaly täsirli pursady emele getirýär.
Tylla şelpeli güýzüm, seniň erkiňe-görküňe maýyl kalbym geleniňe ganat ýaýdy. Çünki, men seniň goýnuňda bu ýagty jahana indim. Şonuň üçin bolsa gerek, sen hakda oýlananymda kalbymda süýji duýgy, joşgun emele gelýär. Daş-töweregiň gözelliklerini synlap, güýzüň owadanlygyny duýup, mymyk şemalyň astynda gezelenç etmek bolsa, iň halaýan zadym. Ýere gaçan ýapraklaryň üstünden ýöremek has ýakymly. Olaryň şykyrdaýan sesleri edil sazandanyň çalýan sazlaryna meňzeýär.
Altyn güýzüm! Sen hakynda oýlananyňda türkmen edebiýatynda «Güýzüň şahyry» diýip at alan Gurbannazar Ezizow biygtyýar ýadyňa düşýär.
Syr alyp, syr berişýän
Söwer dostuma meňzäp,
Kakdyň ýene gapymy,
Meniň paýhasly güýzüm
– diýýän şahyryň «Güýz», «Durnalar», «Durna», «Aýralyk pasly», «Güýz gijesi», «Güýz bilen söhbet», «Söýýän güýz paslyny» goşgulary, «Güýz» sonetler çemeni şahyryň edebiýat meýdanynda goýan ruhy hazynasydyr.
Tylla güýzüm, sen türkmen halkyna iň beýik bagty – Garaşsyzlygy bagyşladyň. Garaşsyzlygyň nurly güneşi göwünlerimizi ýyladyp ugraly bäri sen indi otuz ikinji gezek Diýarymyza myhman bolýarsyň. Uly işleriň başyna maslahatly barmagy ýörelge edinen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ähli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baş baýramymyzyň bosagasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Döwletli maslahatda türkmen halkynyň bagtyýar geljeginiň şanyna beýik işleriň täze tapgyrynyň başy başlanar. Ol beýik işler türkmeniň adyny dünýäniň taryhyna altyn harplar bilen ýazar.
Ýazy güllere, güýzi hasyla beslenen Garaşsyz Diýarymyza hemişe belent ösüşler ýaran bolsun! Goý, hemişe ajaýyp pasyllar içinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza guwanyp, türkmen topragyna rysgal-bereket bilen gelen ajaýyp pasyllary şatlyk bilen garşylap, bagtly ömür sürmek, toý toýlamak her birimize miýesser etsin.
Jumagül HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.