Iň mö­hüm ylym
Bir ge­zek An­tis­fen­den so­rap­dyr­lar:
– Ylym­la­ryň haý­sy­sy iň mö­hü­mi?
– Er­bet­li­gi taş­la­ma­gy öw­red­ýän ylym – di­ýip, ol jo­gap be­rip­dir.

Pro­fes­sor we ki­tap
Bir gün jem­gy­ýet­çi­lik me­se­le­le­ri sa­pa­gyn­da pro­fes­sor eli­ne bir ki­tap alyp­dyr-da, ta­lyp­la­ra ga­rap şeý­le di­ýip­dir:
– Bu ki­tap gy­zyl.
Ta­lyp­lar ge­ňir­ge­nip, ýer­li-ýer­den:
– Ýok, ol ga­ra – diý­ip­dir­ler.
Pro­fes­sor bol­sa, özü­niň­ki­ni tu­tup:
– Ýok, bu gy­zyl – di­ýip­dir.
Ta­lyp­lar ýe­ne-de:
– Ýok, siz ýal­ňyş­ýa­ňyz, ol gy­zyl däl – di­ýip­dir­ler.
Pro­fes­sor ki­ta­by beý­le­si­ne öw­rüp­dir, di­ňe şon­da ta­lyp­lar ki­ta­byň ar­ka sa­ha­by­nyň gy­zyl­dy­gy­ny bi­lip ga­lyp­dyr­lar.
Pro­fes­sor:
– Ýag­da­ýa gar­şyň­da­ky ada­myň nuk­daý­na­za­ryn­dan se­ret­mä­ge pur­sat bol­ýan­ça, onuň ýal­ňyş­ýan­dy­gy­ny ýü­zü­ne aýt­maň – di­ýip, ki­ta­by sto­luň üs­tün­de go­ýup­dyr.

Bi­lim
Bir gün daý­ha­nyň trak­to­ry döw­lüp­dir. Daý­ha­nyň we goň­şu­la­ry­nyň trak­to­ry be­jer­mä­ge sy­na­ny­şyk­la­ry ne­ti­je­siz bo­lup­dyr. Ol ahy­ry us­sa ça­gyr­ma­ly bo­lup­dyr. Us­sa trak­to­ry göz­den ge­çi­rip­dir, star­te­ri­ni bar­lap­dyr, ka­po­ty­ny açyp, hem­me za­dy üns bi­len syn­lap­dyr. Soň bol­sa, elin­dä­ki çe­kiç bi­len mo­to­ra bir ge­zek urup­dyr we­lin, trak­tor iş­läp baş­lap­dyr. Us­sa muz­du­ny so­ran­da daý­ha­nyň mu­ňa gir­re ga­ha­ry ge­lip:
– Sen bir ge­zek çe­kiç­läp, ýüz ru­pi­ýa so­ra­ýaň­my? – di­ýen­de, us­sa şeý­le jo­gap be­rip­dir:
– Gar­daş, men bir ge­zek çe­kiç­län­di­gim üçin di­ňe bir ru­pi­ýa al­ýan, ga­lan tog­san do­kuz ru­pi­ýa­ny bol­sa ge­rek­li ýe­ri­ne urup dü­ze­den­di­gim ba­ra­da­ky bi­li­mim üçin al­ýa­ryn. Ga­ly­ber­se-de, men se­niň wag­ty­ňy tyg­şyt­la­dym.

Ter­ji­me eden Nag­ma AP­BA­ÝE­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.