Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram – Ýaşulularyň halkara güni Watanymyza, asuda, abadan durmuşymyza guwanyp ýaşaýan, dili senaly ýaşuly nesillerimiziň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýyp, eziz Diýarymyza bolan çäksiz buýsanjy has-da artdyrýar.
Ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara güni adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, nesilleriň arasynda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan baýram hökmünde bellenilýär. Ýaşulularyň halkara gününe ömür menzillerinde baý durmuş tejribesini toplan ýaşuly nesillerimize hormat goýmagyň, olaryň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryny, jemgyýetimiziň agzybirligini we döwletimiziň berkararlygyny berkitmekde çeken zähmetini ykrar etmegiň baýramy hökmünde uly sarpa goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler asudalygy üpjün ediji ruhy güýje eýedir. Halkymyzyň ykbalynyň güllemegine gönükdirilen işler zähmet ýeňişlerimiziň badalgasy bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşulularymyzyň sarpasy belentde tutulyp, ilkinji gezek 2007-nji ýylda Ýaşulularyň halkara güni bellenip başlandy.
Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy türkmen halky hakynda söhbet edeniňde, bada-bat biziň döwrümize çenli gelip ýeten ajaýyp däp-dessurlar, edim-gylymlar göz öňüňe gelýär. Bularyň ählisi hakynda gürrüň edip çykmak asla mümkin däl. Dokuzy düzüw türkmeniň öýleriniň gelşigi, toýlarynyň ýaraşygy, köp ýaşan aksakgallarymyz, ene-mamalarymyz dogrusynda gürrüň etmek gyzykly hem ýakymly. Ýüz-gözlerinden nur dökülip duran, akyl-paýhasdan ýüki ýetik, salyhatly türkmen gojalary türkmeniň gadymdan bäri aýratyn eý görüp, sarpalap gelýän ynsanlary bolupdyrlar. Türkmen kalbyna mahsus pähimdarlygy, myhmansöýerligi bilen ula-kiçä nusga bolup, gündelik durmuşda pähim-paýhasy bilen hemaýatçy bolup ýören ýaşulularymyz barasynda söz açmaly bolanda Görogly begiň atasy Jygaly beg göz öňüňe gelýär. Çardagly Çandybile soltanlyk eden Jygaly begiň iň gowy häsiýetleriniň biri-de toý-sadakalarymyzda häli-şindi dilden düşmän gelýän myhmansöýerlik däbine ägirt uly sarpa goýanlygydyr.
Garaşsyzlyk ýyllary ýaşuly nesliň wekilleriniň at-abraýyny arşa galdyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanyp, onuň işine işeňňir gatnaşyp gelýän ýaşulularymyzyň atlary dillerimizde dessana öwrüldi. Her bir işde ýaşula sala salmak, olaryň ak patasyny almak, olar bilen maslahat etmek däbi külli türkmen halky tarapyndan ýörelge edilip gelinýär. Bular hakynda gürrüň açylanda Magtymguly Pyragynyň:
Ne ajap döwranlar süren,
Ýagşy-ýaman baryn gören,
Bizler bilen hemra bolan,
Aksakgallar bak, danadyr –
– diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Danalykda belli aksakgal gojalarymyz, ene-mamalarymyz Garaşsyz döwletimizde, döwrümiziň beren ajaýyp miweleriniň hözirini görüp, bu günki bagtly durmuşa buýsanýarlar. Geçen urşuň weteranlary, ýanýoldaşlary uruşdan gelmän, häli-häzirlerem ýar ojagyny saklap oturan kümüş saçly enelerimiz geçirilýän çärelere, dabaralara çagyrylýar. Olar şonda ýaşlara watansöýüjilik, halallyk, mertlik we türkmeniň häsiýetine mahsus bolan beýleki ynsanperwerlik nusgalaryny sargyt edýärler.
Döwletimizde her ýylda Ýaşulularyň halkara gününiň uly dabara bilen bellenilip geçilmegi, il sylagly ýaşululara «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy, ýaşuly nesilleriň Käbä gidip haj parzyny berjaý edip gelmegi bagtyýarlyk zamanamyzda ýaşululara goýulýan ummasyz uly sarpanyň aýdyň mysalydyr. Ýurduň, jemgyýetiň durmuşynda ýaşulularyň öz orny bar. Çünki, olaryň ömür ýoly durmuş mekdebidir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşulularymyz üçin dürli ýeňillikleriň döredilmegi, bitirýän hyzmatlaryna sylag-sarpa goýulmagy halkymyz tarapyndan gyzgyn makullanma tapdy. Ýurdumyzyň çäklerinde, ýagny şäherlerine, etrap merkezlerine ýa-da oba ýerlerine baryp, halk köpçüligi bilen gürrüňdeş bolanyňda, 85-90 ýaşdan geçen uzak ýaşly eneleriň, ýaşulularyň köpdügini aýdýarlar. Hemişe bolşy ýaly, olar dabaralarymyzyň, toý-märekelerimiziň, törlerimiziň gelşigi.
Aýdymda aýdylyşy ýaly:
Garrylar käýese kineli bolmaň,
Ýene-de ugruňda şolar janserek
– diýen setirler türkmen gojalarynyň geçirimliliginden, ynsanperwerliginden habar berýär. Goý, ýaşulularymyz, ene-mamalarymyz toýlarymyzyň gelşigi, törlerimiziň ýaraşygy bolup ýaşasynlar.
Güljan Bekiýewa,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.