Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da öç­me­jek yz go­ýan, poe­zi­ýa äle­min­de ady al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan be­ýik akyl­da­ryň bi­ri hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr. Onuň bi­ze gal­dy­ran dö­re­di­ji­li­gi­niň gym­ma­ty­na di­ňe şa­hyr hök­mün­de ga­ral­sa bär­den gaý­dyl­dy­gy bo­lar. Ol di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, dün­ýä­niň pel­se­pe­wi pi­kir­le­ri­ni ös­dü­ren, çe­per­çi­lik aňy­ny nur­lan­dy­ran, dün­ýe­wi dur­mu­şy çe­per şöh­le­len­di­ren akyl­dar şa­hyr­dyr. Oňa şy­gry­ýet dün­ýä­si­niň tä­ji­ni ba­şy­na ge­ýen hö­küm­dar diý­sek hem ýal­ňyş­ma­rys.
Mag­tym­gu­ly­nyň ady, onuň şa­hy­ra­na owa­zy öz döw­rün­de we şon­dan soň­ra­ky ýyl­lar­da, aý­ra­ty­nam Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki umu­my döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýe­di yk­ly­ma ýaý­baň­lan­ýan ýaň bo­lup, älem-ja­ha­na ýaý­ra­dy. Bu adyň we bu owa­zyň öz­bo­luş­ly, iň­ňän gym­mat­ly ta­ra­py onuň ýe­ke-täk bir şah­sy­ýe­tiň mer­te­be­si­ni aň­lat­man, eý­sem, tu­tuş bir mil­le­tiň – türk­me­niň at-owa­za­sy­ny, ab­ra­ýy­ny tug ki­min be­len­de gal­dy­ran­dy­gy bi­len hä­si­ýet­len­di. Şa­hy­ryň mer­te­be­si, onuň türk­me­niň ta­ry­hyn­da­ky, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, me­de­ni-ede­bi dur­mu­şyn­da­ky or­ny mü­di­mi­dir.
Mag­tym­gu­ly türk­me­niň kal­by­na iň be­ýik ynanç, aňy­na bol­sa dur­mu­şyň ýag­şy­sy­ny-ýa­ma­ny­ny ha­ta­syz sel­jer­ýän mä­hek da­şy, gö­reç­le­ri­ne öç­me­jek nur bo­lup ça­ýyl­dy. Ba­tyr­ly­gyň, adam­kär­çi­li­giň, azat­ly­gyň, zäh­met­sö­ýer­li­giň, ha­lal­ly­gyň, wa­tan­per­wer­li­giň, pa­ra­sat­ly­ly­gyň, ki­çi­gö­wün­li­li­giň, ka­na­gat­ly­ly­gyň, oň­şuk­ly­ly­gyň, myh­man­sö­ýer­li­giň, umyt­ly­ly­gyň we ada­ma mah­sus gaý­ry bir­nä­çe oňat hä­si­ýet­le­riň hem­me­si­ni özün­de jem­le­ýän türk­me­niň ha­ky­ky bi­te­wi keş­bi hä­li-hä­zi­rem Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gin­dä­ki ýa­ly de­re­je­de do­ly we her ta­rap­ly, çe­per we çuň­ňur, adam­zat kal­by­nyň için­den eriş-ar­gaç bo­lup ge­çi­şi ýa­ly äh­li dö­wür­le­riň dur­muş ha­ky­ka­ty­na la­ýyk gel­ýän rö­wüş­ler­de şe­kil­len­di­ri­len däl­dir.
Akyl­dar şa­hyr di­ňe bir öz döw­rün­de däl-de, hä­zir­ki döw­rü­miz­de hem tu­tuş adam­zat jem­gy­ýe­ti­ni öz­ger­di­ji, ter­bi­ýe­leý­ji güýç bo­lup dur­ýar. Be­ýik akyl­da­ryň şy­gyr­la­ry yn­san kal­by­nyň ru­hy luk­ma­ny bo­lup, da­şyň ýü­zü­ne iň­ňe bi­len oýup ýa­zy­lan ýa­ly, her bir ada­myň ýü­rek tö­rün­de orun al­dy.
Akyl­dar­ şa­hy­ryň asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den ýol ýa­sap, hä­zir­ki gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten şy­gyr­la­ry­nyň ag­la­ba bö­le­gi bol­sa edep-ter­bi­ýe­çi­lik, wa­tan­çy­lyk, te­ma­syn­da­dyr. Be­ýik akyl­da­ryň wa­tan­çy­lyk goş­gu­la­ryn­da wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­nyň in­çe we ýi­ti be­ýan edil­me­gi ha­ky­ky ta­ry­hy maz­mu­na eýe­dir. «Türk­me­niň» goş­gu­syn­da «Jeý­hun bi­len Bah­ry-ha­zar ara­sy» di­ýip, bir se­tir­de türk­men kar­ta­sy­ny su­rat­lan­dyr­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň esa­sy öňe sü­ren mak­sa­dy bol­sa türk­me­niň bir bi­te­wü­li­gi­ni ga­zan­mak, je­bis bir döw­le­ti gur­mak bo­lup­dyr. Ol bü­tin öm­rün­de ber­ka­rar döw­le­tiň ar­zu­wyn­da ge­zip­dir. Mu­ňa şa­hy­ryň «Türk­me­niň», «Gür­ge­niň», «Türk­men bi­na­sy», «Is­tä­rin» ýa­ly goş­gu­la­ry­ny my­sal ge­tir­mek bo­lar.
Py­ra­gy yş­ka ug­raş­dym,
Der­ýa gir­dim, möw­je düş­düm,
Hor gal­ma­syn puşt­dan-puş­dum
Ber­ka­rar döw­let is­lä­rin.
Hä­zir­ki wagt­da bol­sa şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň kö­pü­si halk aý­dym­la­ry­na öw­rül­di, şol goş­gy se­tir­le­ri ada­ty adam­la­ryň dur­mu­şy­na pug­ta or­na­şan hem bol­sa ga­nat­ly söz­le­re we na­kyl­la­ra öw­rü­lip ga­lyp­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy bir­nä­çe şa­hyr­la­ryň ga­ýy­ba­na ha­ly­pa­sy bo­lup, dö­re­di­ji­lik ýo­lun­da uly gö­rel­de mek­de­bi­ne öw­rül­di.
Na­ky­la öw­rü­len söz­leň asal­dyr,
Şa­nyň ýit­mez geç­se geç­sin asyr­lar,
Ýo­lu­na çy­rag­lan­dy bu gün ne­sil­leň,
Paý­has mek­de­bi­ňe uýup Py­ra­gym.
Öz hal­ky­ny sö­ýen şah­sy­ýet beý­le­ki halk­la­ry hem söý­mä­ge ukyp­ly­dyr, öz mer­te­be­si­ni sak­lap bi­len adam äh­li adam­la­ryň mer­te­be­si­ni hem be­len­de gö­te­rip bi­ler. Şa­hy­ryň öz döw­rün­de dün­ýä, yn­san, ýa­şa­ýyş ba­ra­da­ky hal­ka ýaý­ran oňyn pel­se­pe­wi ga­ra­ýyş­la­ry, jem­gy­ýe­tiň, adam­la­ryň ru­hy kä­mil­li­gi ba­ra­da­ky eden wes­ýet­le­ri öz hal­ky­na bo­lan çäk­siz söý­gü­si­niň ne­ti­je­si­dir. Mag­tym­gu­ly dö­wür­deş­le­ri­ni, hal­ka ada­lat­ly jem­gy­ýe­tiň, bagt­ly ýa­şa­ýy­şyň göz­ba­şy­nyň nä­me­di­gi­ne göz ýe­tir­mä­ge, bo­lup geç­ýän zat­la­ryň düýp maz­mu­ny­na dü­şün­mä­ge ça­gyr­dy. Adam­la­ry paý­has­lan­ma­ga, özü­ne dü­şün­mä­ge, mil­let hök­mün­de özü­ni ta­na­ma­ga ug­ruk­dyr­dy. Öz ili­niň asu­da, pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny, ylym­ly-bi­lim­li bol­ma­gy­ny, me­de­ni­ýe­ti­niň beý­gel­me­gi­ni ar­zuw­lan be­ýik şa­hyr hal­ky­na pä­him-pa­ra­sat­dan we şi­rin duý­gu­lar­dan pü­re-pür bo­lan aja­ýyp şy­gyr­lar ha­zy­na­sy­ny mi­ras gal­dyr­dy. Bu aja­ýyp şy­gyr­lar­da­ky ýug­ru­my ýe­ten, sag­dyn pi­kir­ler di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň gel­je­gi üçin däl, eý­sem, bü­tin adam­za­dyň dur­mu­şy we ru­hy ze­rur­lyk­la­ry üçin hem my­na­syp ýol-ýö­rel­ge bol­dy. Hut şo­nuň üçin hem şa­hy­ryň şy­gyr­lar dün­ýä­si­niň gym­ma­ty mil­li çäk­ler­den çy­kyp, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­na, adam­zat paý­ha­sy­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na öw­rül­di. Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi bu gün di­ňe türk­men hal­ky­na däl, eý­sem, tu­tuş adam­za­da ru­hy lez­zet ber­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi dur­muş bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ba­bat­da oý­lan­dyr­ýan dö­re­di­ji­lik­dir.
Mag­tym­gu­ly Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da «san bol­sam» di­ýip ar­zuw edip­dir, em­ma ol bu gün­ki gün Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da san däl-de, onuň sa­hy­by bol­dy, ha­ny-sol­ta­ny bol­dy. Gahryman Arkadagymyz «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy çuň maz­mun­ly aja­ýyp şy­gar­la­ry bi­len türk­men we dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň baý ha­zy­na­sy­na uly go­şant go­şan be­ýik akyl­dar­dyr. Gün­do­ga­ryň Fir­döw­si, Ru­my, Ny­za­my, Fi­zu­ly, Ru­da­ky, No­wa­ýy ýa­ly ede­bi­ýat äle­mi­niň ägirt­le­ri­niň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun alan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan şy­gry­ýe­ti tu­tuş adam­zat üçin gym­mat­ly yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň dün­ýä­si­dir» di­ýip bel­le­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Gahryman Arkadagymyzyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» goş­gu­syn­da şeý­le se­tir­ler bar.
Üç asy­ryň do­wa­myn­da ge­çen ýo­ly ulu­dyr,
Hal­ky­nyň hem adam­za­dyň sa­dyk-syt­dyh gu­lu­dyr,
He­mi­şe we hem­me ýer­de şol bir Mag­tym­gu­lu­dyr,
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.
Onuň Aly­je­na­by Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­ri Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň bü­tin öm­rü­niň do­wa­myn­da ar­zuw­lan döw­rü­dir. Şa­hy­ryň öz­baş­dak döw­let ba­ra­da­ky gym­mat­ly ün­dew­le­ri, ýö­rel­ge­le­ri bi­ziň şu gün­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­mi­ziň sy­ýa­sa­ty­nyň esas­la­ry­ny düz­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň yh­la­sy bi­len şa­hy­ryň ab­raý-mer­te­be­si has-da ar­typ, onuň eser­le­ri dür­li da­şa­ry ýyrt dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­di. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy adam­zat kal­by­nyň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­na öw­rül­di.

Gülşat AKYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň müdiri t.y.k., uly mugallym.
Ymamguly REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň mugallymy.