27-nji oktýabrda paýtagtymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.
Forum başlamazyndan ozal, ýygnananlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň, fotosuratlaryň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň keşbi öz beýanyny tapdy.
Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işiniň guramaçylygyna bagyşlanan meseleler girizildi. Şeýle hem onuň düzümine täze agzalaryň kabul ediljekdigi, ýurdumyzyň öňdebaryjy kinologlaryna döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygy, geljek üçin möhüm wezipeleriň maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul ediljekdigi mälim edildi.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, halkymyz alabaýlara aýratyn hormat bilen garaýar. Şöhratly pederlerimiz tarapyndan ösdürilip kemala getirilen alabaýlar bütin dünýäde bellidir. Taryhyň edebi çeşmelerinde we halk rowaýatlarynda alabaýlaryň wepalylygy, gaýduwsyzlygy, islendik çylşyrymly ýagdaýda eýesini halas etmek üçin öz janyny pida etmäge taýýardygy barada aýdylýar. Mejlise gatnaşyjylar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, kemala getirmek we köpeltmek babatda köpasyrlyk däpleri wagyz etmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek, gorap saklamak boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellediler.
Soňra mejlisde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy, Fransiýa Respublikasynyň Milli ylmy-barlag merkeziniň hünärmeni, arheolog Julio Bendezu Sarmientonyň çykyşy boldy. Ol ýörite suratly şekiller arkaly itşynaslyk sungatynyň taryhy we ösüşi barada giňişleýin durup geçdi. Ol Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň maglumatlaryna salgylanyp, alabaýyň gadymy görnüşleriň biridigini we oňa türkmenleriň irki döwürlerde hem aýratyn hormat bilen garandyklaryny tassyklady.
Halkara assosiasiýanyň agzalary, hususan-da, Belarus Respublikasyndan we Beýik Britaniýadan hususy itşynaslar Lýudmila Butkewiç hem-de Antonino Lo Raso sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy.
Hormatly ada mynasyp bolanlar belent buýsanç duýgusy hem-de tolgunmak bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de bu asylly işe mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Şeýle-de, mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.