Dünýäde Gün energiýasy bilen işleýän ilkinji ýolsuz ýerden ýöreýän ulag bolan «Stella Terra» müň kilometrlik synag sürlüşinden geçirildi. Üçegi we kapoty Gün paneli bilen örtülen hem-de diňe şondan alýan energiýasy bilen hereket edýän ulag Sahara çölünde sürlüp görüldi. Ulag bilen hiç hili zarýad bekediniň ýok ýerinde müň kilometr ýol geçildi. Niderlandlaryň Eýnhowen tehnologiýa uniwersitetiniň talyplarynyň işläp düzen ulagy geçirilen synagda diňe Günden alan energiýasy bilen uzak aralygy geçip boljakdygyny däl-de, eýsem, yssa çydamlydygyny hem subut etdi. Agramy 1 müň 200 kilogram bolan ulagyň ýokary tizligi sagatda 145 kilometre ýetýär. Ilkibaşda hasaplamalarda ulagyň güneşli howada adaty ýolda 710 kilometr, ýolsuz ýerde 550 kilometr, ortaça 630 kilometr ýol geçip biljekdigine garaşylýardy.
Häzirki wagtda üstüne örtülen Gün panelinden güýç alyp hereket edýän haýsydyr bir ulag ýok. Emma käbir ulaglaryň üsti Gün paneli bilen örtülip, elektroulagyň zarýad berilýän batareýasyna goşant hökmünde energiýa öndürýän ulaglar bar. Şeýle hem käbir ýurtlarda adaty ýangyçly otlularyň üsti Gün paneli bilen örtülip, ondan alynýan energiýa wagonyň içindäki zerurlyklar üçin sarp edilýär.
Azym AMANNYÝAZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.