2030-njy ýy­la çen­li ýy­la­dyş­ha­na gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry tiz azal­dyl­ma­sa, pla­ne­ta­da glo­bal ma­ýyl­gan­lyk se­na­gat­dan öň­ki de­re­je­den 1,5 de­re­je­den ýo­ka­ry bo­lup bi­ler.
Bu ba­ra­da “Na­tu­re Cli­ma­te Chan­ge” žur­na­lyn­da çap edi­len yl­my ma­ka­la­da aý­dyl­ýar.
Alym­lar duý­du­ryş ber­ýär­ler, kö­mür­tur­şy ga­zy (CO2) zy­ňyn­dy­la­ry azal­dyl­maz­dan, 2029-njy ýy­la çen­li se­na­gat­dan öň­ki de­re­je­den 1,5 ° C-den ýo­ka­ry gyz­ma­gyň 50% müm­kin­çi­li­gi bar. Bu Pa­ri­žiň kli­mat bo­ýun­ça şert­na­ma­syn­da çäk hök­mün­de kes­git­le­nip, şol çäk­den geç­me­li däl, se­bä­bi bu pla­ne­ta we onuň ýa­şaý­jy­la­ry üçin he­läk­çi­lik­li ne­ti­je­le­re ge­ti­rer.
Lon­do­nyň Im­pe­ri­al kol­le­ji­niň alym­la­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky bu bar­lag, glo­bal ug­le­rod ba­lan­sy­nyň tä­ze­le­nen we gi­ňiş­le­ýin der­ňe­wi­dir. Ma­ýyl­gan­ly­gy 1,5° C-e çen­li çäk­len­dir­mek üçin 50% müm­kin­çi­li­giň bol­ma­gy, glo­bal ug­le­rod ba­lan­syn­da azyn­dan, 250 gi­ga­ton CO2 ga­lar. Zy­ňyn­dy­lar 2022-nji ýyl­da­ky ýa­ly üýt­ge­män gal­sa, 40 gi­ga­ton tö­we­re­gi bol­sa, 2029-njy ýyl­da 1,5° C-den ýo­ka­ry glo­bal ýy­ly­ly­gyň dö­re­me­gi­ne se­bäp bo­lar.
Bar­la­gyň aw­to­ry Ro­bin Lam­bol­la­nyň pi­ki­ri­çe, ne­ti­je­ler bir za­dy tas­syk­la­ýar – adam­zat 1,5° C-den pes ma­ýyl­gan­ly­gy sak­la­mak üçin ýe­ter­lik ta­gal­la et­me­ýär.
Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler buz­la­ryň ere­me­gi, me­ta­nyň bö­lü­nip çyk­ma­gy we um­ma­nyň aý­la­ny­şy­gy­nyň üýt­ge­me­gi ýa­ly tä­sir­ler se­bäp­li ho­wa gyz­ma­gy­ny do­wam et­di­rip bi­ler di­ýen ne­ti­jä gel­di­ler.