Türkmen halkynyň gadymy milli mirasyny gorap saklamakda, ony dünýä ýaýmakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler amala aşyrylýar. Şunda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilýän desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça geçirilýän işlere-de uly orun degişlidir. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň rowaçlanmagyna «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan çäreleriň hem täsiri uludyr. Maksatnamada daşary döwletleriň jahankeşdelerini we içerki syýahatçylary ýurdumyzyň taryhy-medeni hem-de tebigy ýadygärliklerine çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini halkara derejede mahabatlandyrmaga, türkmeniň medeni mirasyna, taryhy ýadygärliklere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge, bu babatda degişli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy jebisleşdirmäge, medeni ojaklara daşary ýurtly alymlaryň gyzyklanmalaryny artdyrmaga itergi berýär.
Halkymyzyň keşdeçilik sungaty hem asyrlar aşyp gelen medeni gymmatlyklarymyzyň biri bolup, ol bu gün ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun alýar. Şonuň netijesinde, häzirki döwürde keşdeçilik sungaty türkmeniň milli medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde barha ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigini häzirki wagtda köpasyrlyk milli däpleriň dowam etdirilip, türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýändikleri we olaryň dowamatyny gazanmak üçin ýaş nesillere öwredýändikleri hem görkezýär. Şu ýerde ýene-de bir zada üns çekesimiz gelýär. Dünýäde tehnologiýanyň neneňsi ösendigine garamazdan, el işleriniň gözelligini, berkligini, kämilligini döredip biljek tehnologiýa heniz oýlanyp tapylmady. Şonuň üçin hem olar XXI asyrda-da milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgalary bolmak wezipelerini saklap gelýär.
31-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulandygy baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy hem ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Çünki bu durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik bölegi hökmünde halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde diňe bir türkmeniň medeni mirasynyň däl, eýsem, türkmen paýtagtynyň hem hyzmatlarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu ýagdaý paýtagtymyzyň dünýäniň şäherleri bilen özara gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de giňeltmäge, gatnaşyklarda medeni mümkinçilikleriň täze ugurlarynyň emele gelmegine şert döreder.
Şirin Pürmämmedowa,
Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, medeniýeti öwreniji.