Hytaýyň Çançun şäherindäki Demirgazyk-gündogar uniwersitetiniň alymlary deňiz suwundan uran almagyň usulyny oýlap tapdylar. Bu baradaky barlaglar “ACS Central Science” ylmy žurnalynda çap edildi. Häzirki wagtda urany dag jynslaryndan alýarlar, ýöne onuň ätiýaçlyklary çäklidir. Bar bolan çaklamalara görä, deňizlerde we ummanlarda bu elementiň ergininiň, takmynan, 4,5 milliard tonnasy bolup, ol gury ýerdäki uran käniniň mukdaryndan 1000 esse ýokarydyr.
Ol deňizlerde uranil diýlip atlandyrylýan ion görnüşinde duş gelýär. Şeýle-de bolsa, urany suwdan almak çylşyrymly bolmagynda galýar, sebäbi olary netijeli tutmak üçin niýetlenen materiallarda ýeterlik meýdan ýok. Hytaýly barlag geçirijiler ýöriteleşdirilen monomerler bilen örtülen uglerod süýümli matany döretdiler. Himiki taýdan gaýtadan işlenenden soň, süýüm uran bölejiklerini gapyp bilýän köp sanly “jübülere” eýe boldy.
Synaglaryň dowamynda alymlar 24 günde deňiz suwunyň her gramyndan 12,6 milligram uran almagyň hötdesinden geldiler. Uglerod matanyň öndürijiligi synagdan geçen beýleki materiallardan has ýokary boldy. Hünärmenler bu açyşyň deňizleri ýadro ýangyjynyň täze çeşmesi hökmünde ulanmak üçin geljegi uly usuly hödürleýändigini aýdýarlar.