Türkmenleriň bäş müň ýyllyk taryhy zemin ýaşaýşynyň köp sanly täsinlikleri barada habar berýär. Bu hakda taryh bize ummasyz rowaýatlary, yrymlardyr adatlary galdyrypdyr. Bu gürrüňleri ykjam seljerenimizde, ynsan ukybyna, ygtyýaryna bagly bolmadyk tebigy täsirler hakda belli bir pikire gelmek, hadysalara azda-kände göz ýetirmek kyn däl. Mysal üçin, türkmen daýhany ekin ýerine ýeke gezek nazar aýlanda, şol ýerden näçeräk hasyl alyp boljagyny öňünden kesgitläp bilýär. Çopanlarymyz bolsa hiç hili astrologik guralsyz daş-töweregine, asmana seredip, şol gün howanyň nähili boljagyny çaklap bilýär. Halkymyzyň şeýle öňden görüjiligine gaty köp mysal getirip bolar.
Halkymyza giň, parasatly diýlip ýöne ýere aýdylanok. Halkymyzda müň ýarym – iki müň ýyl mundan öň Ýeriň gurluşyny, Günüň, ýyldyzlaryň hereketlerini synlap, oňa akyl ýetirmegi niýet edinen meşhur akyldarlar bardy. Mundan has soňrak Gündogarda Lukman Hekim, Günbatarda Awisenna ady bilen meşhur akyldaryň ynsan üçin bitiren hyzmatyny sanardan has galarakdyr. Onuň lukmançylyk ylmy hakdaky ýazan işleri şol wagtlar iň ýokary hasaplanýan Tibet lukmançylygyndan has ýokary geçipdi.
Lukman Hekimiň döwürdeşi, edebiýat, lukmançylyk, tebigat ylymlarynda meşhur yz galdyryp giden akyldarlaryň ýene biri Biruny ady bilen meşhurdyr. Seýlelikde, sözümizi gysgaldyp aýtsak, Oguz nesli ylmyň dürli görnüşinde, şol sanda tebigat ylymlarynda-da görnükli yz goýupdyr. Beýik astronom hem-de şahyr Omar Haýýamyň Ýeriň ýylylyk hereketi we ýyldyz toparlary bilen baglanyşykly aý-gün hasaby “Nowruznama” atly işinde görkezilýär. Başga-da onlarça akyldar tebigat täsirleri hakda töwekgel hem-de göni pikir ýöretmegi başarypdyrlar. Ýörite obserwatoriýalaryň kömegi bilen tebigatyň adam üçin näbelli, gudratly hasaplanýan syrlary açylypdyr. Bu hakda ençeme paýhasly pikirler bize miras galdyrylypdyr. Şolaryň iň esasylarynyň biri hem Aý-Günüň hereketi, pasyllaryň gezekleşmegi ýaly hadysalardyr.
Şu ýerde ýene bir ýagdaýy ýatlap geçmek zerur. Aý-gün hasaby barada türkmen adatlarynyň has irki döwürlerinden bäri dowam edýändigini agzapdyk. Belkem, aý-günüň hasabyny ýöredýän senenamany düzen meşhur alymlar hem öz işlerinde halkyň şol pähimlerinden, ýol-ýörelgelerinden ugur alandyrlar. “Halk pähimi ummandyr” diýlip ýöne ýere aýdylmaýar.
Ähli ýerde bolşy ýaly, türkmenlerde hem her ýylyň dowamlylygy 365 güne deň. Şol günler gyş, ýaz, tomus, güýz diýlip atlandyrylýan dört pasyl arkaly millionlarça ýyl ýerlerini çalşyp durlar. Pasyllaryň biri sowuk, biri aram, ýene biri gaty yssy, soňkusy ýene-de aram. Şonuň bilen birlikde-de her paslyň tebigata täsir edişi başgaça.
Gyş. Türkmenistanda gyş pasly noýabr aýynyň 22-sinden fewral aýynyň 20-sine çenli dowam edip, onuň dowamlylygy 90 gün bolýar. Edil beýleki pasyllaryň zerurlygy ýaly, gyşam adam üçin zerurdyr. Sowuga adam bedenini taplanýar. Dürli keselleri döredýän wiruslary (ýokançlary) ýok edýär. Şeýle-de gyşyň başlanmagy adama maddy kuwwatlylyk getirýär. Ynsanyň uly baýlygy bolan goýun malynyň köpeliş döwri başlanýar. Çyş dünýä inip, ýaz bökjekläp ýören owlak-guzy eýesiniň ruhuny galdyrýar. Gyş pasly 90 günläp dowam etmek bilen, birnäçe aýratynlyklary öz içine alýar. Bu ýagdaý halk pähimlerinde hem öz beýanyny tapýar.
Garagyş. Garagyş gyşyň başlanýan gününden, ýagny noýabr aýynyň 22-sinden dekabryň 7-sine çenli bolan döwürdir. Garagyş şu döwürlere gabat gelýär diýilse-de, ol diýarymyzyň dürli ýerinde 4-5 gün, kähalatlarda bir hepde öň ýa soň gelýän halatlary bolýar. Her niçigem bolsa, gyşyň şu döwründe 90 günüň ýagdaýyny öňünden çaklamak mümkin.
Çilleler. Gyşyň çille döwri ikä bölünýär.
Uly çille. Bu döwür takmynrak dekabryň 7-sinden ýanwaryň 17-sine çenli dowam edip, 40 gün dowam edýär. Aslynda bu söz parsçada “kyrk” diýmegi aňladýan sözden gelip çykypdyr. Uly çille gyşyň örküji hasaplanýar we uzak dowam edýär. Kä ýyllar ýer şatlap doňup, ýere düşen gar ir bahara çenli, ýeriň doňy gaýdyşýança saklanýar. Uly çille barada-da ençeme halk aňlatmalary döräpdir. Diýlişine görä, uly çille näçe gazaba münse-de, “ýedi goýun, bir guzuly, 90 beladan aman gutulýan” adama zyýan ýetirip bilmänsoň, öz yzyndan gelýän kiçi çillä: ”Men-ä ähli kuwwatymy aldyrsam-da, hiç zat edip bilmedim, sen bir gaýrata galaweri” diýenmişin. Bu ýerde getirilen “Ýedi goýun, bir guzy, 90 beladan sowar” diýen jümläniň manysy possun (içmek) bilen bagly. Türkmeniň gyş geýimi bolan içmek ýedi goýun bilen bir guzynyň derisinden tikilýär. Ony geýene bolsa gazaply aýazam täsir edip bilmeýär. Bu döwürde aýazly hem ygally günler köp bolýar, Bu barada “Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýazsyramaz”, “Çillede suw içen üzüm suwsamaz” diýen nakyllar döräpdir.
Kiçi çille. Dowamlylygy 20 gün bolan bu döwür 17-nji ýanwardan 7-nji fewrala çenli dowam edýär. Bu döwürde hem mal bakmak üçin amatsyz bolan aýazly, garly, doňakçylyk günler köp bolýar. Ygal köp ýagyp, ýer doňup çölde mallaryň heläk bolmak howpy köpelýär.
Tejribeleriň görkezişi ýaly, uly hem kiçi çilleleriň bir-birinden tapawutlylykda ýaşaýyş üçin peýdaly taraplary bar. Uly çillede ygal näçe köp ýagsa, ýer üçin şonça-da peýdaly hasaplanýar. Kiçi çillede, ýagny bahara golaý wagty ýere ygalyň köp düşmegi halanmandyr. Şonuň üçin hem gadym çarwalaryň arasynda “Kiçi çillede bal hem bolsaň damma, uly çillede gan hem bolsaň dynma” diýen nakyl döräpdir.
Fewralyň 7-sinden kiçi çille gutarsa-da, bu gyşyň gutardygy däl. 90-yň dolmagyna – ýere ýyly gitmegine ýene 15 güne golaý wagt bar. Bu aralyk türkmenlerde ýene Garagyş diýlip atlandyrylsa-da, bu döwürde aýazly howanyň paýawlaýandygyny aňmak bolýar. Türkmenler bilen ata-baba goňşuçylykda oturan gazak halky şol aralyk döwre aýratyn üns berýär. Şol döwrüň mal üçin, adamyň özi üçin hem aýratyn bir howply däldigini olar anyk bilipdirler. Şonuň üçinem gazaklarda fewralyň 22-23-inden soň gowy günler hasaplanylýar. Olar şu döwri “Säwür” diýip atlandyrýarlar. “Säwür bolman, täwür (gowy) bolmaz” sözi hem şondan galypdyr.
Türkmen nowruzy. Türkmenlerde 22-nji fewralda gyş gutarýar we ýaz pasly başlanýar. Muny “Ilkagşam Ülkerim depämde bolsa, ýazym üstümde bolar” diýen nakyl hem tassyklaýar. Bu döwri gadym eýýamlarda ata-babalarymyz Çarwa nowruzy diýip hem atlandyrypdyrlar. Bu döwür 21-nji marta çenli – gije bilen gündiziň ýazky deňleşigine çenli dowam edýär.
Güneşli Diýarymyzda 21-nji martda Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. 2010-njy ýylyş fewral aýynda geçen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda her ýylyň 21-nji martyny “Halkara Nowruz güni” diýip yglan etdi.
Biz bu ýerde Türkmenistanda gyş günleriniň döwürleri hem-de häsiýetli aýratynlyklary barada gysgaça gürrüň etdik. Ýanwar aýynyň başlanmagy bilen hem milady ýyl hasabynda täze ýylyň ilkinji güni başlanýar. Türkmen müçenamasyna görä bu ýylymyz Balyk ýyly.
Goý, 2024-nji ýyl türkmene rysgal-döwlet, at-abraý, şan-şöhrat getirjek ýyllaryň biri bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işleri oňuna, tutumlary şowuna bolsun! Yhlaslar myrada gowşup, ýagşy niýetlerimiz döwlet getirsin!
Jumagül Hojaýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.