Boliwiýa dünýäniň iň tekiz ýurdudyr. Onuň ýene-de bir dünýä rekordy bar – bu ýerde dünýäniň iň uly litiý ätiýaçlyklary bar. Boliwiýa Günorta Amerikadaky deňze çykalgasy bolmadyk ägirt uly tebigy biodürlülige eýe bolan ýurtlardan biridir. Dünýäniň iň tekiz ýurdy bolsa-da, bu onuň tutuş çäkleriniň tekizdigini aňlatmaýar: And dag gerişleri Boliwiýany demirgazykdan günorta kesip geçip, ony iki geografik sebite bölýär: Altiplano we düzlük bölegi.
”Bolivia World Network”-yň maglumatlaryna görä, Boliwiýa özüniň ähli tebigy dürli-dürlüligine garamazdan, birnäçe geografik aýratynlyklary boýunça rekord goýmagyny dowam etdirýär. Saler-de-Uýuni şorlugy diňe bir dünýäniň iň möhüm litiý ätiýaçlyklaryndan birini öz içine alman (ýerüsti meýdany 10,582 inedördül kilometr), eýsem, dünýäde iň uly duzly çöldür.
ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň hasabatyna görä, Salar-de-Uýunide 21 million tonna litiý bolup, himiki elementiň bu görnüşiniň dünýädäki iň uly ätiýaçlygydyr. Şeýle-de bolsa, 2023-nji ýylyň ahyrynda Boliwiýada has uly litiý magdanynyň tapylandygyny görkezýän ylmy barlag işi çap edildi,
“Science Advances” žunalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, iň uly litiý ýatagy ABŞ-da, MakDermitt Kalderanyň çökündilerinde, gadymy wulkanyň aşagynda ýerleşip biler. Bu ýerde litiý ätiýaçlyklarynyň 20-40 million tonna aralygynda bolup biljekdigi çak edilýär. Bu sanlar tassyklansa, bu ýatak beýleki belli ätiýaçlyklardan iki esse köp bolar.
Häzirlikçe, boliwiýalylar iň köp litiý ätiýaçlygy bolan ýurt bolup galýar, şeýle-de dünýäniň iň tekiz ýurdudygy baradaky beýleki rekordyny hem goraýar.