21-22-nji ýanwarda Ugandanyň paýtagty Kampalada Günorta ýurtlaryň üçünji sammiti geçirildi. Bu syýasy çärä 70-den gowrak ýurduň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy. G77 we + Hytaý ýurtlary” toparynyň başlyklygyny Uganda geçirýän Kubanyň wise-prezidenti Salwador Waldez Mesa bu forum global meseleler babatda ösýän ýurtlaryň çylşyrymly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwrüne gabat gelendigini belledi.
Iki gün dowam eden maslahat “Hiç kimi yzda galdyrma!” şygary astynda geçirildi we oňa gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze depgin berdi. 1964-nji ýylyň iýun aýynda döredilen Günorta ýurtlaryň maslahaty toparyň iň ýokary gözükdiriji organydyr.
– Ugandanyň başlyklygynda G77 we + Hytaý ýurtlary” topary 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen howanyň üýtgemeginiň we biodürlüligiň bozulmagynyň täsirini azaltmaga, salgyt tölemekden gaçmaklyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge tagalla eder – diýip, Ugandanyň Prezidenti Ýoweri Museweni aýtdy. Museweniniň pikiriçe, “G77 we + Hytaý ýurtlary” topary dünýä ilatynyň 80%-ini birleşdirýär. Jemi içerki önümi dünýäniň 40%-ini emele getirýän bu topar ösýän ýurtlaryň bähbitlerini üstünlikli goraýar we ösdürýär.
-Bütindünýa Banky we Halkara Pul Gaznasy ýaly halkara maliýe edaralary ösüp barýan ýurtlara karz bermek düzgünlerini täzeden gözden geçirmeli we olara haýsydyr bir şert goýmakdan ýüz öwürmeli. Biz ösýän ýurtlaryň maliýeleşdirmek babatdaky zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin halkara maliýe gurluşynyň gyssagly özgerdilmegini goldaýarys – diýip, Ýoweri Museweni belledi.
-“G77 we + Hytaý ýurtlary” BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm mehanizmidir. Günorta ýurtlary umumy garaýyşlaryny we umumy bähbitlerini kesgitlemek üçin BRICS we Afrika Bileleşigi ýaly platformalary döretdiler – diýip, Hytaýyň Başlygynyň ýörite wekili, Döwlet geňeşiniň wise-premýer Liu Goçžun belledi.
“G77 we + Hytaý ýurtlary” bileleşiginiň esasy maksady köpçülikleýin ykdysady bähbitleri ösdürmekde we möhüm halkara ykdysady meseleleri çözmekde bilelikdäki tagallalary güýçlendirmekden ybaratdyr.