Ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň halkara ähmiýetli köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň gerimi barha pugtalanýar. 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda ÝUNESKO tarapyndan Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy «Dünýäniň hakydasy» atly halkara sanawyna goşuldy. Geçen ýylyň 29-njy maýynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde 2024-nji ýylda halkara derejesinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny we leksikograf, filolog, geograf, taryhçy, şahyr Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat et-türk» (Türki dilleriň sözlügi) atly kitabynyň ýazylmagynyň 950 ýyllygynyň şanly senelerini dabaraly belläp geçmek karary tassyklanyldy. ÝUNESKO beýik türkmen alymynyň adamzadyň öňünde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Mahmyt Kaşgarlynyň doglan gününiň 1000 ýyllygy mynasybetli 2008-nji ýyly Mahmyt Kaşgarlynyň ýyly diýip yglan edipdi.
Söz we ýazuw medeniýeti, halklaryň durmuş terjimehaly, taryhyň göwher senenamasynyň gözbaşy, jemgyýetiň iň möhüm başlangyç sütüni hasap edilýär. VIII-XI asyrlar aralygynda dürli dillerde dürli awtorlar, alymlar tarapyndan söz sungatynyň giň we gysga sýužetli, timarlanan görnüşdäki parçalaryny özünde jemleýän diwanlaryň, ýygyndylaryň, kyssaly depderleriň golýazmalarynyň, hatdatçylyk tezkireleriniň, sözlükleriň ýigrimiden gowragy döredilipdir. Umumyaltaý diller maşgalasyndaky sözleriň gymmatyny, genetik birligini öwrenmek üçin müňlerçe menzilleri ädimme-ädim geçen Mahmyt Kaşgarly medeniýetleriň rowaçlanmagyna, dilleriň kowumdaşlyk, garyndaşlyk we goňşuçylyk binýadyna, şözleýiş medeniýetiniň umumylygyna, halklaryň epiki we folklor mirasynyň taryhy üstünliklerini öwrenmäge uly goşant goşan beýik alym hasap edilýär. 1008-1105-nji ýyllarda ýaşap geçen akyldaryň doly ady edebi çeşmelerde Mahmyt ibn al-Hüseýin ibn Muhammet ibn Ýusup al-Kaşgarly al-Barsaganly diýlip bellenilýär. Dil biliminiň taryhynda aragatnaşygyň ýekebara, jübütleýin, köpçülikleýin we toparlaýyn düzümlerinde oguz sözleýiş medeniýetiniň arassalygynyň, pikirleri beýan ediş güýjüniň, çeper täsirliliginiň, ýaşaýyş ahlagynyň we hakykat görkezijileriniň umumy kanunlaryny, belgilerini we aňlatmalaryny kämilleşdiren alym 1074-nji ýylda özüniň meşhur «Diwany lugat et-türk» (Türki dilleriň sözlügi) atly eserini ýazyp tamamlapdyr.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary R. Ilmämmedowyň, R. Godarowyň, şeýle hem terjimeçi R. Gylyjowyň gatnaşmaklarynda Mahmyt Kaşgarlynyň bu eseriniň Türkiýäniň Stambul şäheriniň Millet kitaphanasynda 4189 belgili bukjada saklanylýan orta asyr golýazmalary esasynda ilkinji gezek arap dilinden dolulygyna terjime edilip, bäş müň nusgalykda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilip, okyjylar köpçüligine ýaýradyldy. Bu kitapda ýüze golaý tematik ugurlarda 8264 sany baş sözler (işlikler we atlar), tertip boýunça görkezilmek bilen, olarda oguzlaryň 57 sany ikileme, 163 sany dörtleme görnüşli (jemi kitapda 764 şygyr setirleri bar) goşgy setirleri, 26 sany nakyl iki gezek, 6 sany nakyl üç gezek, 272 sany nakyl bir gezek, 185 sany gadymy oguz sözleri, 200 sany derman serişdeleriniň görnüşleri, 30 sany kesel atlary, 40 sany milli tagamlaryň atlary, 30 sany ýüpek matalaryň atlary, seljuk-abbasy gatnaşyklarynyň onlarça gymmatlyklary duş gelýär. Dürli mowzukly, çeper ritmiki gurluşly, sada, çalt ýatda galyjy, hyjuwly, ynandyryjylykly, baldan süýji, owuzdan arassa oguzlaryň pähimli aňlatmalary, boýlary, orda begleriniň, alplarynyň (gahrymanlarynyň) öwütleri, tilsimli tagmalary, durmuş baradaky pikirlenişiň ählumumy hakykatlary, baý dünýägaraýyş gözýetimleri bilen bezelen, halky häsiýetli poeziýa eserlerini, akyl ýetirişiň gysga sözdäki, gutarnykly, durnukly, çuň manyly, dürs pikirli atalar sözlerini, folklor mirasynyň kyrka golaý toplumyny, gojaman taryhyň Oguz han eýýamyna degişli çeşmeleri özünde jemleýän bu edebi ýadygärlik köpsanly akyldarlara täsir edipdir. Magtymguly Pyragy özüniň kyrkdan gowrak eserinde geçmişiň meşhur danalarynyň eserlerini okandygyny, döredijilik ussatlygyny, başarnyklaryny, şahyrana ylhamyny kämilleşdirmek üçin olaryň mirasyny çuňňur özleşdirendigini, türki, arap, pars dilli poeziýanyň rowaçlanmagyna uly goşant goşan Omar Haýýam, Nyzamy, Nowaýy, Ýasawy, Nesimi, Ferdöwsi, Hafyz, Rumy, Jamy, Fizuly ýaly aryflara hormatynyň çäksizdigini buýsanç bilen belläp geçýär.
Edebiýatyň nazary we amaly ugurlarynyň kanunalaýyklary, taglymatlary baradaky bilimlerini, durmuş meseleleri baradaky golýazmalary, folklor-ýazuw ýadygärliklerini, halklaryň edebi ösüşlerine ýakyn, meňzeş, umumy we täsirini ýetiren mirasyň dürdänelerini Magtymguly giňişleýin, köp möçberde yzygiderli okapdyr we peýdalanypdyr. Iki dananyň edebi mirasynda orun alan liriki gazallarynda durmuş-ahlak gymmatlyklaryny çeper bahalandyryş, şöhlelendiriş derejelerinde umumy we meňzeş bolan taryhy bitewüligiň, pikirlenme çözgütleriniň sazlaşygynda ýakynlygyň bardygy aýdyň duýulýar. Tebigatyň we jemgyýetiň ösüşlerine ylmy taýdan akyl ýetirmekde Magtymgulynyň döredijiligine geçmişiň taryhy üstünlikleriniň ähli tapgyrlary şahyryň çeperçilik medeniýetinde täze däpleriň, beýan ediş ussatlygynyň nusgalyk keşpleriniň, aýdyň, düşnükli, nakyla öwrülen çeper setirleriň, ahlak-pikirlenme gözelliginiň, baý edebi mirasyň kemala gelmegine uly badalga beripdir. Yklymlaryň ähli sebitlerinde we dünýäniň edebi-jemgyýetçilik giňişliginde Mahmyt Kaşgarla we Magtymguly Pyraga uly sarpa goýulýar. Mahmyt Kaşgarlynyň döredijilik tejribelerini, garahanly-aziýa, seljuk-abbasy halklarynyň gatnaşyklarynyň menzillerini we döwürleriň jemgyýetçilik-çeperçilik pikirleriniň täsirlerini, möhür basan öwrümlerini, bir ugurdan dem alýan ölçeglerini, görelde bolan synanyşyklaryny, döredijilik desterhanynyň sahawatly miwelerini Magtymgulynyň hem edebi mirasynda aýdyň görmek bolýar.
Orta asyr edebi türkmen diliniň sözleriniň ýazylyş, aýdylyş, okalyş, ulanylyş, ösüş, ýaýraýyş, tapawutly many aňladyş ukybynyň çözüliş gerimini, oguz sözleýşiniň fonetik, leksik, semantik, morfologik we grammatik gurluşynyň häsiýetleriniň aýratynlyklaryny, halkyň şahyrana we kyssawy çeper döredijilik zehininden dörän görnüşlerini, döredijilik tilsimlerini öwrenmek maksady bilen Magtymguly hem sözlükşynaslyk ylmynyň iň gadymy, gyzykly, ygtybarly, kämil, ähmiýetli, gymmatly ýazuw ýadygärligine, halklaryň şahyrana döredijiliginiň görnükli nusgasy bolan ilkinji türkmençe-arapça düşündirişli esere ýüzlenipdir. Söz zergäri Mahmyt Kaşgarlynyň bu eserinde:
Il törü ýetülsün,
Kazgu eme sawylsun –
diýen şahyrana çeper setirler duş gelýär. Bu söz düzümleriniň manysy döwletiň berkarar bolmagyny, nesilleriň ykbalynda gaýgy-aladanyň bolmazlygyny, şatlygyň höküm sürmegini aňladýar. Alym berkararlyk sözünde adalat, asudalyk, jebislik, raýdaşlyk, agzybirlik we rowaçlyk görüpdir. Magtymguly atamyz bolsa «At islärin» atly şygrynda Mahmyt Kaşgarlynyň bu setirini «Hor galmasyn puşdum-puşdum, berkarar döwlet islärin» diýen görnüşde täze çeperçilik pikirleri, öwrümleri bilen kämilleşdiripdir. Mahmyt Kaşgarlynyň kitabynda:
Kolsa kaly ugraýyn,
Bergil taky azuklyk –
diýen setirler bar. Bu setirleriň manysy biri ynjasa, mätäçlik goluny uzatsa hemaýat bermegi, goldan gelse kömek bermegi aňladýar. Danalar hatarynyň kerwenbaşysy bolan Magtymguly özüniň «Delalat ýagşy» şygrynda:
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy –
diýip belleýär. «Iliňni» eserinde «Bir mesgin telmuryp, ýyglap garasa, baha urma, mugt bergil malyňny», «Bili bolmasa» şygrynda «Bir ýagmazak bulda meňzär howa-da, her kişiniň hümmet, haýry bolmasa», «Al eder» goşgusynda «Hoş sözlegil, bir mysapyr duş gelse», «Keçdir ýaranlar» gazalynda «Hülle bolar bir garyba don berseň, saýa bolar bir mätäje nan berseň» diýen edebi tärde ýazuw ýadygärligindäki pikiriň many örüsini, mazmun şireliligini, paýhas goýazylygyny täzeçe garaýyşlar bilen has-da ösdüripdir. Diwan düzmegiň orta asyr mekdepleriniň naýbaşy halypasy bolan Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde:
Erdem başy til –
diýen setiri okamak bolýar. Bu söz düzüminiň manysy ähli gymmatlyklaryň gözbaşynyň dilde jemlenýändigini, sözleýiş medeniýetiniň esasy sütünidigini, onuň ähli gowulyklaryň we erbetlikleriň sakasy bolup durýandygyny, ähli hünär we ylym endikleriniň binýady bolup hyzmat edýändigini aňladýar. Üstünden ýedi asyr geçen Mahmyt Kaşgarlynyň bu çeper aňlatmasyny Magtymguly «Reftarydyr» atly goşgusynda «Hoş sözüň diý, gahryň gizle, sözläbilseň, ýagşy sözle», «Diş gitmek» şygrynda «Ýaman dil ýol ýitirer, ýagşy-rahmet getirer», «Märekä barmaz» eserinde «Zyban-dahan nagşydyr», «Öter gider» goşgusynda «Söz ýarasyndan gaçawer, tyg ýarasy biter gider», «Ýykmaýan ärden» eserinde «Ýa lal otur, ýa dür saçgyl», «Söz manysyn bilmeginçe» goşgusynda «Akyl söze güler nadan, söz manysyn bilmeginçe», «Çyka bilmez sen», «Gam bile», «Ot nedir», «Bolar sen», «Biwepalardan», «Içen ýalydyr», «Eýmenewer», «Jem bolup», «Aýyň ýagşysyn» atly şygyrlarynda «Tiliňni saklagyl dürli gybatdan», «Zynhar el üzmegin dil bilen dostdan», «Söz gysgadyr, magny köpdür içinde», «Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň», «Bendesi men söze hyrydar guluň», «Gepin tapyp ýagşy sözlän, misli dür saçan ýalydyr», «Jahan içre musulmana, hoş sözler ýagşy sanawer», «Bildigiňçe, mydam ýagşy sözlegil, ýagşy söz tapmasaň otur sem bolup», «Aklyň bolsa abraýly kişiniň, ýamanyn örtübän, ýaýyň ýagşysyn» ýaly görnüşlerde gysga sözüň manysynyň hereket örüsini, duýgulanyş gerimini, häsiýet çygryny, terbiýeçilik ähmiýetini, ahlak belentligini, söz sungatynyň güýjüni, stilistik gözelligini has-da baýlaşdyrypdyr, çuňňur, köptaraply, täze çeperçilik çözgütleri bilen suratlandyryp açyp görkezipdir. Türkmen edebiýatynyň taryhynda oguz çeperçilik pikirlenme poeziýasyny belent derejelere çykaran ussatlaryň biri hasap edilýän Mahmyt Kaşgarlynyň kitabyndaky:
Bardy eren konak körüb, kutka sakar,
Kaldy ýazuw oýuk körüb, uýny ýykar –
diýen setirleriň manysy ähli döwürler üçin myhmanparazlyk edebiniň oguz dilindäki şahyrana çeper waspnamasy bolup ýaňlanypdyr. Orta asyr filologiýa ylmynda gazanan üstünlikleri, döredijilik tejribelerini, durmuşyň nusgawy binýatlyk sapaklaryny, taplanan jemgyýetçilik hyzmatdaşlygyň keşbini açyp görkezýän, XI asyryň sözler ummanyna emirlik eden Mahmyt Kaşgarlynyň ýürek sarsgynyny Magtymguly özüniň «Myhman ýoluksa», «Göze myhmandyr» eserlerinde «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen, namart özün gizlär myhman ýoluksa», «Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz, nana mätäç däldir, söze myhmandyr», «At ýanynda bellidir», «Gerekdir», «Aýrylsa», «Solan ýalydyr» goşgularynda «Goç ýigitler myhmanynda bellidir», «Duşmanyň hem düşer bolsa goluňa, owwal başda bir mürewwet gerekdir», «Dosty garyp düşse, mertler mejnundyr, namart dost islemez, aşdan aýrylsa», «Sahylar şat bolar, myhman gelende» ýaly görnüşlerde döredijilik ussahanasynyň zerli keşdeleri, täze liriki güýçler, gözlegler, köňül köşgüniň, paýhas eleginiň görkli reňkleri bilen çeper sünnäläpdir we taraşlapdyr.
Dädebaý Pälwanow,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.