Adamzat heniz Marsa aýak basmasa-da, ol ýerde adam tarapyndan döredilen kosmos galyndylary köpelip ugrady. Alymlar soňky 53 ýylda Marsa gonan kosmiki gämileriň galyndylarynyň doly kartasyny döretdiler. Günbatar Wirjiniýa uniwersitetiniň barlag geçirijileriniň pikiriçe, şu güne çenli Marsda 7,12 tonna galyndy toplanyp, bu Afrikadaky uly bir piliň agramyndan barabardyr.
Marsda toplanan galyndylara, esasan, metal enjamlarynyň bölekleri, ýylylyk geçirmeýän ekranlar, ulanylan paraşýutlar, perler, buraw bölekleri we mata torlary girýär. Mundan başga-da, hatardan çykan enjamlar Gyzyl planetada galýar. Olaryň arasynda taryhda ilkinji gezek Marsyň üstüne gaçan “Mars-2” sowet gonuş enjamy bar. Ol 1971-nji ýylyň maý aýynda şowsuzlyga uçraýar.
“Beagle 2” britan enjamy 2023-nji ýylyň dekabrynda Gyzyl planeta gonandan soň, aragatnaşygyny ýitirdi. NASA-nyň “Ingenuity” dikuçary, perinde dörän näsazlyk sebäpli uçmak ukybyny ýitirenden soň, 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda missiýasyny tamamlady.
Alymlar ylmy açyşlar bilen missiýalaryň uzakdaky planetalaryň tebigy gurşawyna täsiriniň arasynda deňagramlylygyň bolmalydygyny belleýärler. Galyndylar meselesi diňe Marsa gonan wagty komponentleri taşlamaýan ýa-da gözlegleri tamamlandan soň Ýere dolanyp bilýän kosmos gämileri arkaly çözülip bilner. “Marsa geljekde boljak missiýalar kosmos galyndylaryny ýygnap biler, ýöne bu birnäçe onýyllykdan soň başa barar” diýip, “Daily Mail” habar berýär.