Dünýäniň ykdysady taýdan öňdebaryjy ýurdy bolan ABŞ-nyň importçysy 21 ýyldan soňra üýtgedi. ABŞ-nyň hasaba alyş edarasynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylda ýurduň Meksikadan importy 4,6 göterim artyp, 475,6 milliard dollara ýetipdir. Hytaýdan import edilen harytlaryň we hyzmatlaryň sany bolsa, 20 göterim azalyp, 427,2 milliard dollar bolupdyr. Şeýlelikde, 2001-nji ýyldan bäri iň uly söwda hyzmatdaşy bolan Hytaý bu ugurda ikinji orna düşüpdir. ABŞ-nyň importynda hytaý harytlarynyň möçberi hem azalyp, 13,9 göterim bolupdyr. Bu görkezijiniň 2004-nji ýyldan bäri iň pes derejedigi mälim edildi. 2022-nji ýylda ABŞ-nyň import harytlarynyň 16,3 göterimini hytaý önümleri emele getiripdir.
Bostondaky Demirgazyk-günbatar uniwersitetiniň ylmy işgäri Nada Sanders onlarça ýyldan bäri ilkinji gezek Meksikanyň Hytaýdan öňe geçip, import harytlarynyň esasy üpjün edijisi bolandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, Hindistan, Wýetnam, Polşa, Indoneziýa we Rumyniýa ýaly ýurtlaryň hem ABŞ-a eksporty artypdyr. 2017-nji ýylda ABŞ-nyň import harytlarynyň 21,6 göterimini hytaý önümleri emele getirip, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary ýokary derejä çykypdy.
Ýazgeldi TÄÇMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby.