BBC ýylyň iň täsirli 100 zenanyny saýlady

160

Beýik Britaniýanyň teleradioýaýlym korporasiýasy BBC dünýäniň iň täsirli we ylham berýän 100 zenanyny saýlady. “BBC 100 Women 2021” atly bu ýylky sanawda jemgyýeti, medeniýeti we dünýäni has-da kämilleşdirmekde meşhurlyk gazanan zenanlara aýratyn orun berlipdir. Sanawa girizilenleriň ýarysy owganystanly zenanlardan ybarat. Sanawda Bill Geýtsiň öňki aýaly Melinda Geýts hem bar. Bu ýylky sanawda fotomodeller, şahyrlar, haýyr-sahawat işlerine goldaw berýänler, sungat ussatlary, telekeçiler, binagärler, mugallymlar, režissýorlar, sazandalar we beýleki hünärdäki zenanlar bar.