Türkmen halk ertekileridir multfilmlerde köplenç mert we ugurtapyjy jandar hökmünde suratlandyrylýan möjegiň dünýäde 3 uly görnüşi we 40-a golaý kiçi görnüşi bar. Gurt, böri diýen manydaş atlary bolan çalymtyl tüýli bu ýyrtyjy jandarlaryň esasy bölegi Aziýada, Ýewropada, Alýaskada we Kanadada duş gelýär. Afrikada bolsa, möjegiň täsin endemik görnüşi ýaşaýar. Ylmy ady «canis simensis» bolan bu ýyrtyjy Efiopiýa möjegi ady bilen tanalýar.
Tebigaty öwreniji alymlaryň köpüsi Efiopiýa möjeginiň genetikasyny çal möjek we koýot bilen baglanyşdyrýarlar. Bu görnüşiň 100 müň ýyl mundan ozal Ýewraziýadan demirgazyk Afrika aralaşan çal möjekden emele gelendigi çaklanylýar. Seýrek duş gelýän möjegiň bu görnüşi gyzyl reňkli tüý örtügi bilen adaty möjekden düýpgöter tapawutlanýar. Köpçüligiň arasynda Efiopiýa möjegine başgaça gyzyl möjek hem diýilýär. Boýnunda, aýagynda we guýrugynda ak tüý örtügi bolan gyzyl möjegiň agramy ortaça 20 kilograma, uzynlygy 1 metre çenli ýetýär. Uzakdan seredeniňde tilkä çalym edýän Efiopiýa möjeginiň aýagy uzyn bolup, dikgerip duran gulagy we pişge guýrugy bar.
Efiopiýanyň endemik (diňe şol ýere mahsus) jandarlarynyň biri bolan gyzyl möjekler deňiz derejesinden 3 müň 200 metr belentlikdäki daglyk ýerlerde duş gelýärler. Bu jandarlaryň esasy bölegi Simien daglary milli seýilgähinde we Bale daglary milli seýilgähinde ýaşaýarlar. Esasy iýmiti gemrijiler bolan Efiopiýa möjekleri topar bolup aw edýärler. Bu jandarlar alakalary tutmak üçin hininiň agzynda köp wagtlap garaşýarlar. Her toparda 3-13 töweregi möjek bolup, bu ýyrtyjylar 2 ýaşda kämillige ýetýärler. Gyzyl möjekler labirinte meňzeş sürenlerde ýaşaýarlar. Bu jandarlar howp abanan ýagdaýynda süreniň islendik agzyndan çykyp bilýärler.
Efiopiýa möjekleriniň täsin aýratynlyklarynyň biri arylar we kebelekler ýaly, gülleriň tozanlandyrma işine gatnaşýandygydyr. Bu ýyrtyjylar dagda bitýän «kniphofia foliosa» (yssy gyzyl poker güli) gülüni ýalap, süýji nektaryny iýýärler. Şeýlelikde, bu gülüň tozanlanmagyna ýardam edýärler. Gyzyl möjekler tozanlandyrma işine gatnaşýan ýeke-täk ýyrtyjy jandar hasaplanýar.
Ortaça 8-10 ýyl töweregi ýaşaýan gyzyl möjekler Afrikanyň seýrek duş gelýän ýyrtyjylarynyň biri hasaplanýar. Soňky ýyllarda ekerançylyk we öri meýdanlarynyň köpelmegi, dag-magdan känleriniň gazylyp alynmagy bilen Efiopiýa möjekleriniň ýaşaýan zolaklary çäklendirildi. 1974-nji ýylda Efiopiýanyň ýabany tebigaty goramak düzgünlerine laýyklykda gyzyl möjekler resmi taýdan goralýan jandarlaryň hataryna girizildi. Maglumatlara görä, häzirki wagtda gyzyl möjekleriň sanynyň 500-den geçmeýändigi bellenilýär.