Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Liwerpul” myhmançylykda Fulhamdan” 3-2 hasabynda asgyn geldi. “Fulhama” 3 utuk gazandyran gollary 14 minutyň dowamynda Sessenýon, Iwobi, Muniz, sentýabrdan bäri ilkinji gezek utulan “Liwerpulyň” gollaryny bolsa Mak Allister bilen Luiz Diaz derwezä girizdi.

Tapgyryň merkezi oýnunda, “Old Trafford”-da oýnalan “Ýunaýted” – “Siti” Mançester derbisinde-de hasap açylmady.

“Tottenham” topary-da iň aşaky orunda barýan “Southempton” toparyndan” Jonson (2) hem-de Teliň gollary bilen 3-1 hasabynda üstün çykyp, fewral aýyndan bäri ilkinji ýeňşini gazandy. 31 oýunda 10 utukda galan “Southempton” möwsümiň tamamlanmagyna 7 tapgyr galanda, aşaky liga düşdi. “Southempton” topary APL-niň taryhynda iň ir (7 tapgyr galanda), aşaky liga düşen klub boldy. Toparyň horwatiýaly tälimçisi Iwan Ýuriç wezipesinden boşadyldy.

“Arsenalyň” myhmançylykda “Ewerton” bilen deňme-deň oýnap utuk ýitiren tapgyrynda “Nottingam Forest” Birmingemde “Aston Willadan” Rojers hem-de Maleniň 2 minutda salan gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňildi.

Ewerton – Arsenal: 1-1 (Ndiaý 49 p – Trossar 34),

K. Palas – Braýton: 2-1 (Mateta 3, Munios 55 – Welbek 31),

Ipswiç – Wulwerhempton: 1-2 (Delap 16 – Sarabiýa 72, Strand Larsen 84),

West Ham – Bornmut: 2-2 (Füllkrug 61, Bowen 68 – Ewanilson 38, 79),

Aston Willa – N. Forest: 2-1 (Rojers 13, Malen 15 – Žota Silwa 58),

Fulham – Liwerpul: 3-2 (Sessenýon 23, Iwobi 32, Muniz 37 – Mak Allister 14, Diaz 72),

Brentford – Çelsi: 0-0,

Tottenham – Southempton: 3-1 (Jonson 13, 42, Tel 90+5 – Fernandeş 90),

Man. Ýunaýted – Man. Siti: 0-0,

Lester – Nýukasl (şu gije)