Liverpool players celebrate with the winner's trophy after the English League Cup final football match between Chelsea and Liverpool at Wembley Stadium, north-west London on February 27, 2022. - Liverpool won the match 11-10 on penalties after extra time. (Photo by JUSTIN TALLIS / AFP) / RESTRICTED TO EDITORIAL USE. No use with unauthorized audio, video, data, fixture lists, club/league logos or 'live' services. Online in-match use limited to 120 images. An additional 40 images may be used in extra time. No video emulation. Social media in-match use limited to 120 images. An additional 40 images may be used in extra time. No use in betting publications, games or single club/league/player publications. /

Angliýanyň Liga Kubogynyň finaly Wembley-de geçirilip, onda Çelsi bilen Liwerpul toparlary duşuşdylar. Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagtynda, şeýle-de goşmaça 30 minutda hasap açylmady. Liwerpulyň 1 goly oýnuň düzgüni bozulandygy üçin, Çelsiniň 3 goly-da ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. Bulardan daşgary-da iki topar, esasan hem londonlylar örän amatly pursatlardan peýdalanyp bilmediler. Şeýlelikde, ýeňijini penalti urgulary kesgitledi. Penalti urgularyny Liwerpulyň 11 futbolçysy-da birkemsiz ýerine ýetirmegi başardy. Çelsi-de 10 futbolçynyň urgusy takyk bolup, oýna penaltileri saklamak üçin ýörite girizilen derwezeçi Kepa Arrizabalaganyň uran urgusy ýokary gitdi. Netijede, Liwerpul penaltilerde 11-10 hasabynda öňe saýlanyp, 10 ýyldan soň Liga Kubogyny gazandy. 9-njy gezek Liga Kubogyny gazanan Liwerpulyň bu görkezijisi rekorda deňdir. Ýurgen Kloppuň şägirtleri bu ugurda rekordy Mançester Siti bilen paýlaşýardylar. Liwerpul 1960-njy ýylda esaslandyrylan ýaryşda şu wagta çenli 1981-82-83-84-95-nji, 2001-nji, 2003-nji we 2012-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy. Olar 1978-nji, 1987-nji, 2005-nji hem-de 2016-njy ýyllarda finalda ýeňlipdiler. Germaniýaly hünärmen Klopp Liwerpuldaky 5-nji, karýerasyndaky 10-njy kubogyny gazandy.