In­ter­ne­tiň dur­mu­şy­my­za güýç­li dep­gin­de ara­laş­ma­gy bi­len äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da ma­li­ýe ul­ga­myn­da hem bu tä­ze­çe ga­ra­ýyş­la­ryň dö­re­me­gi­ne iter­gi ber­di. Ýag­ny yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da ha­sap­la­şyk­la­ryň tiz we komp­ýu­te­riň üs­ti bi­len uzak ara­lyk­dan ama­la aşy­ryl­ma­gy­na uly gy­zyk­lan­ma dö­re­di.
Ge­çen asy­ryň 90-njy ýyl­la­ryn­da in­ter­ne­diň güýç­li ösüp baş­la­ma­gy pul­la­ryň düýp ma­ny­sy­na, onuň gör­nü­şi­ne we mak­sa­dy­na tä­ze­çe ga­ra­ma­ga mej­bur et­di. «Komp­ýu­ter­den daş­laş­man sa­tyn al­mak» dü­şün­je­si ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň ba­ha­sy­ny uzak ara­lyk­dan tö­le­me­giň ýö­ne­keý we amat­ly usu­ly­ny ta­lap et­di. 1993-nji ýyl­da «Di­gi-Cash» san­ly pul il­kin­ji ge­zek do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­di. Olar «akyl­ly kart» teh­no­lo­gi­ýa­sy­na – ha­sap­da­ky pul muk­da­ry ba­ra­da mag­lu­mat ýa­zy­lan komp­ýu­ter çip­li plas­tik kart­la­ra esas­lan­dy.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li we oý­la­ny­şyk­ly alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň çä­gin­de ka­bul eden «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy: Türk­me­nis­ta­ny 2022-2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mil­li Mak­sat­na­ma­syn­da» gel­je­gi na­zar­la­ýan öz­ge­riş­lik­le­riň bi­ri hem ma­li­ýe-bank ul­ga­myn­da nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek we elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy­ny do­ly ýo­la goý­mak bo­lup dur­ýar. Şu ugur­da in­ter­net-ban­king hyz­mat­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mö­hüm çä­re­ler hem dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem hä­zir­ki wagt­da nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň döw­re­bap ösen gör­nü­şi bo­lan «QR-kod» ul­ga­my­nyň ge­ri­mi­niň gi­ňel­ýän­di­gi­ni göz öňün­de tu­tup, mil­li Mak­sat­na­ma­da bu ul­ga­my ös­dür­mek hem göz öňün­de tu­tul­ýar.
Nagt pu­luň pa­ýy köp bo­lan ýurt­lar­da QR-ko­d esa­sy tö­leg usul­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Se­bä­bi ara­lyk­da­ky nagt däl pul do­la­ny­şy­gy­na ge­çiş döw­rün­de hyz­mat eden ban­ko­mat­lar we ter­mi­nal­lar üçin çyk­da­jy­lar ýit­ýär. Şeý­le ýurt­lar dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 10 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy­ny eýe­le­ýär. QR-ko­d ar­ka­ly tö­leg­ler inf­rast­ruk­tu­ra uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny ta­lap et­me­ýär. Tö­leg tö­le­nen wag­tyn­da tö­leg ter­mi­na­ly­nyň hem ze­rur­ly­gy ýok: ony jü­bi te­le­fo­ny ýa-da ka­gyz ýü­zün­de çap edi­len QR-kod bi­len çal­şyp bol­ýar. Ban­ko­mat ýa-da ter­mi­nal üçin döw­let aý­ra­tyn ma­li­ýe se­riş­de­si­ni harç­la­ma­ýar, ra­ýat­la­ryň özi tö­leg ama­la aşyr­mak üçin ara­çy se­riş­de bol­jak jü­bi te­le­fon­la­ry­ny öz is­leg­le­ri­ne gö­rä tä­ze­läp dur­ýar. Bu teh­no­lo­gi­ýa Hy­taý, In­do­ne­zi­ýa we Ma­laý­zi­ýa ýa­ly Azi­ýa ýurt­la­ryn­da has giň­den ula­nyl­ýar.
Ila­tyň wagt­la­ýyn ula­nyl­ma­ýan pul se­riş­de­le­ri­ni bank ul­ga­my­na çek­me­giň döw­re­bap usul­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na go­ýum­la­ra çek­mek ar­ka­ly go­ýum ha­sap­la­ryn­da­ky se­riş­de­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, olar bo­ýun­ça tö­len­ýän gö­te­rim­le­ri­ni ma­li­ýe ba­za­ryn­da he­re­ket ed­ýän nyrh­la­ra la­ýyk­lyk­da bel­le­mek, müş­de­ri­le­riň is­leg­le­ri­ni öw­ren­mek bi­len, go­ýum­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri alyp bar­mak ýurdumyzda ile­ri tutul­ýan ugur­la­ry­ň bi­ri­dir.
Ýur­du­my­zy we bag­ty­ýar hal­ky­my­zy aý­dyň gel­je­ge alyp bar­ýan Mil­li Li­de­ri­mi­ziň, Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan beýik işleri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Er­kin­mu­ham­met SA­RY­ÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.