Ýurdumyzda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda giň tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek başlangyjy hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidir.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi. Onuň yzysüre ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň bilim edaralarynda ÝUNESKO Klublary hereket edip başlady. Golaýda şeýle klublaryň biri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde açyldy. Bu ýokary okuw mekdebinde
ÝUNESKO klubunyň açylmagynyň esasy maksady ýaşlary hakyky watansöýüjilik, mertlik ruhunda terbiýelemekde, milli däp-dessurlarymyza, medeniýetimize sarpa goýmakda bitirilýän beýik işleriň nobatdaky subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň baý, milli medeni mirasyny gorap saklamak, dünýä wagyz etmek, taryhy gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere galdyrmak, ýörelge mekdebi etmek, medeni diplomatiýanyň ösüşine ýardam bermek maksady bilen, ýurdumyzda ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygyň dowamynda bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda uly tejribe toplandy. Şeýle hem bu ugurda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär.
Aýhan SERDAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.