UEFA Ýewropa Ligasynda 1/8 finalyň bijeleri çekildi. Çekilen bijä görä, çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden “Mançester Ýunaýted” ispan kluby “Real Sosiedad” bilen bije çekişdi. “Aýaks” bilen “Aýntraht” çärýek finala çykmak üçin özara göreşerler. “Roma” bilen “Atletik Bilbao”, “Wiktoriýa Plzen” bilenem “Lasio” 1/8 finalda duşuşarlar. Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparynyň bijesine-de Şotlandiýanyň “Reýnjers” kluby düşdi. 1/8 finalyň 1-nji oýunlary 6-njy martda, jogap duşuşyklary bolsa 13-nji martda geçiriler.
Bude-Glimt – Olimpiakos
Fenerbahçe – Reýnjers
Aýaks – Aýntraht
FKSB – Lion
AZ Alkmaar – Tottenham
Real Sosiedad – Mançester Ýunaýted
Wiktoriýa Plzen – Lasio
Roma – Atletik Bilbao
UEFA Konferensiýa Ligasynda-da 1/8 finalyň bijeleri çekildi. Ýaryşyň birinji derejeli faworiti “Çelsi” Daniýanyň “Kopengagen” kluby bilen duşuşar. “Betis” topary-da “Witoriýa de Gimaraýnş” topary bilen bije çekişdi. Ilkinji 2 ýaryşyň finalçysy “Fiorentina” toparynyň bijesine-de Gresiýanyň “Panatinaikos” topary düşdi. Duşuşyklar 6-njy we 13-nji martda oýnalar.
Betis – Witoriýa de Gimaraýnş
Ýagelloniýa Belostok – Serkl Brýugge
Selýe – Lugano
Panatinaikos – Fiorentina
Kopengagen – Çelsi
Molde – Legiýa Warşawa
Pafos – Ýurgorden
Boras Banýa Luka – Rapid Wena