Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň hu­kuk ul­ga­my hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň, em­läk howp­suz­ly­gy­nyň we jem­gy­ýet­çi­lik dur­nuk­ly­ly­gy­nyň bin­ýa­dy­dyr. Şo­nuň üçin hem ýur­du­myz­da ka­bul edil­ýän her bir ka­nun ada­myň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ril­ýär. Hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da hu­kuk ul­ga­my­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ryň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ös­ýär, öz­ger­ýär we ynam­ly öňe bar­ýar, tä­ze ta­ry­hy­na şöh­rat­ly sa­hy­pa­la­ry ýaz­ýar. Onuň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny tu­tuş dün­ýä gör­ýär, yk­rar ed­ýär hem-de bu ösüş­le­re dost­lar­ça, do­gan­lar­ça gu­wan­ýar. Hä­zir­ki ta­ry­hy döw­rüň aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly, öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Ýur­du­myz­da yg­lan edi­len «Döw­let adam üçin­dir!», «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen çuň ma­ny­ly şy­gar­lar döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ma­ny-maz­mu­ny­ny do­ly aç­ýar. Ga­za­nyl­ýan uly üs­tün­lik­ler saý­lap alan ösüş ýo­lu­my­zyň dog­ru­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň hem-de Döw­let baý­da­gy­nyň baý­ra­my hal­ky­myz üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lan baý­ram­dyr. Ýur­duň Kons­ti­tu­si­ýa­sy döw­le­tiň Esa­sy Ka­nu­ny­dyr. Kons­ti­tu­si­ýa­da döw­le­tiň hu­kuk ýag­da­ýy­nyň kes­git­le­me­si we ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry be­ýan edil­ýär. Şeý­le hem ra­ýat­la­ryň sag­ly­ga, zäh­me­te, bi­li­me, yl­ma, saý­la­ma­ga we saý­lan­ma­ga bo­lan hu­kuk­la­ry ke­pil­len­di­ril­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy ka­nu­nyň rüs­tem­li­gi­ni yk­rar et­mek bi­len, hem­me­le­riň ka­nu­nyň öňün­de deň­di­gi­ni, jem­gy­ýe­tiň gym­mat­ly ha­zy­na­sy­nyň adam­dy­gy­ny, ra­ýa­tyň ab­ra­ýy­ny, mer­te­be­si­ni we azat­ly­gy­ny döw­le­tiň go­ra­ýan­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär. Şeý­le hem on­da her bir ra­ýa­tyň ka­nun­lar­dan ge­lip çyk­ýan borç­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de döw­le­tiň öňün­de jo­gap­kär­di­gi gör­ke­zil­ýär.
Kons­ti­tu­si­ýa jem­gy­ýe­tiň sy­ýa­sy-hu­kuk ul­ga­my­nyň düz­gün­leş­di­ri­li­şi­niň wa­jyp ug­ru­dyr. On­da jem­gy­ýe­tiň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş gur­lu­şy­nyň we beý­le­ki ugur­la­ry­nyň hu­kuk esa­sy ber­ki­dil­ýär.
«Cons­ti­tu­ti­on» sö­zi la­tyn sö­zi bo­lup, «gur­mak, di­kelt­mek, dö­ret­mek» ma­ny­sy­ny aň­lad­ýar. Ýur­du­my­zyň Esa­sy Ka­nu­ny­nyň hu­kuk te­bi­ga­ty­nyň bir­nä­çe aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar­dyr. Olar­dan döw­le­tiň esa­sy ka­nu­ny­dy­gy, ber­ki­di­len ka­da­la­ryň we düz­gün­le­riň gö­ni he­re­ke­ti­niň bar­dy­gy, Kons­ti­tu­si­ýa gar­şy gel­ýän ka­nun­la­ryň we gaý­ry hu­kuk na­ma­la­ryň ýu­ri­dik güý­jü­niň ýok­du­gy­ny, kes­git­siz möh­le­te ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen­di­gi ýa­ly ta­pa­wut­lan­dy­ry­jy aý­ra­tyn­lyk­la­ry gör­kez­mek bo­lar.
Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik, ada­lat­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar. Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny sak­la­mak bi­len Türk­me­nis­tan dün­ýä ýurt­la­ry bi­len ys­ny­şyk­ly we dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry gün-gün­den çuň­laş­dyr­ýar.
Kons­ti­tu­si­ýa döw­le­ti­mi­ziň Esa­sy Ka­nu­ny­dyr. Kons­ti­tu­si­ýa­da esa­sy ugur­la­ryň bi­ri ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy, yl­ma-bi­li­me, zäh­me­te bo­lan hu­kuk­la­ry­nyň go­ral­ma­gy­dyr. On­da adam­la­ryň hu­kuk­la­ry, azat­lyk­la­ry we borç­la­ry kes­git­le­nil­ýär.
Ýur­du­myz­da ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len tä­ze ka­nun­lar, mak­sat­na­ma­lar, hu­kuk na­ma­la­ry iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­ýar. Kons­ti­tu­si­ýa berk düz­gün­na­ma­ny sak­la­mak bi­len, dö­re­di­ji­lik taý­dan ös­dü­ril­ýän res­mi­na­ma hem bo­lup dur­ýar, ýurt­da bo­lup geç­ýän öz­gert­me­le­ri, yzy­gi­der­li döw­let gur­lu­şy­ny, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­giň ugur­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek we döw­le­tiň dur­muş taý­dan na­zar­la­ýan res­mi­na­ma­sy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň eme­le gel­me­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, onuň üs­ti ýe­ti­ri­lip du­rul­ýar.

Ma­hym MAH­TY­MO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.