Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy hökmünde ikinji bäş ýyllyk möhlete dalaş etjekdigini habar berdi. Bu barada 65 ýaşly fon der Lýaýen Berlinde geçirilen maslahatda Germaniýanyň Hristian-demokratik bileleşiginiň ýolbaşçylaryna mälim etdi.
-Men doly oýlanyşykly karara geldim. Men öz dalaşgärligimi ikinji möhlete hödürleýärin – diýip, fon der Lýaýen partiýanyň maslahatynda aýtdy. Şeýle-de bolsa, onuň heniz üstünlik gazanjakdygy belli däl, sebäbi oňa Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň goldawy we Ýewropa Parlamentinde ýeterlik mukdarda ses gerek bolar.
Indi fon der Lýaýeniň Ýewropa Komissiýasynyň başlyklygyna dalaşgärligi 6-7-nji martda Buharestde geçiriljek gurultaýda Ýewropa Halk Partiýasy (EPP) tarapyndan resmileşdirilmeli. Asly belgiýaly nemes syýasatçysy Ursula fon der Lýaýen 2019-njy ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň sammitiniň karary bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni 2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan bäri dowam etdirýär. Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň indiki ygtyýarlyk möhleti 2024-nji ýylyň dekabryndan 2029-njy ýylyň noýabr aýyna çenli dowam eder.
Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Komissiýasynyň ilkinji zenan başlygydyr. Ol bu wezipä Žan Klod Ýunkeriň ornuna geçipdi. Ol 1958-nji ýylda Ýewropanyň iň ýokary derejeli resmileriniň biriniň maşgalasynda dünýä indi, 13 ýaşyna çenli Brýusselde ýaşaýar we soňra Aşaky Saksoniýa göçýär. Fon der Lýaýen lukmançylyk ugrundan bilim alýar we 1990-njy ýylda Hristian-demokratik bileleşigine agza bolýar. Ol Germaniýanyň öňki Kansleri Angela Merkeliň döwründe dürli wezipelerde, şol sanda, goranmak ministri bolup işleýär. Ursula fon der Lýaýen ene dilinden başga iňlis we fransuz dillerini bilýär. Ol ýedi çaganyň enesidir. Hünäri boýunça lukman bolan bu zenan 40 ýaşynda syýasy durmuşyna gadam basdy.