Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi maddy dünýäniň önümçilik işlerinde, ösüşlerinde işjeň ulanylýan wagt aralyklarynyň ölçeg birlikleriniň atlary bilen bagly çeper sözlere, taryhy, edebi gymmatlyklara, ýyl ýazgylaryny, tebigat hadysalaryny, jemgyýetçilik sözleýşiniň umumyhalk senelerini şöhlelendirýän aňlatmalara baýdygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Türkmen edebiýatynyň taryhynda Magtymgulynyň edebi mirasynda, ykbalynda bolşy ýaly, soňky 300 ýylda görnükli şahyrlaryň, tanymal söz senediniň ussatlarynyň we meşhur akyldarlaryň ellä golaýynyň eserlerinde dürli wakalaryň taryhy senelerini, golýazmalaryň ýazylyp başlanylan, gutarylan wagtyny kesgitleýän orta asyr ýyldyz senenamasyny we müçe ýyllaryny öz içine alýan çeper waspnamalar köp duş gelýär. Söz mülküniň şasy Magtymguly Pyragynyň lirikasynda türkmenleriň ýyldyz senenamasynda ulanylýan nowruz, ülker, çille, ýelda, ýowm, gyş, ýaz, tomus, güýz, kamary, zemistan, semawat, mizan, hazan, garyn…. ýaly adalgalaryň, müçe ýyllaryň 12 ýyllyk senenamasynyň ählisinde peýdalanylýan syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan, ýylky, koý, bijin, takyk, it, doňuz kimin görnüşleriniň atlary duş gelýär. Eserleri söz sungaty arkaly ylmyň, durmuşyň we ahlagyň täze hem-de belent gözýetimlerini, gözelliklerini açýan Magtymguly Pyragynyň eserlerinde wagt, ýyldyz we müçe ýyl hasaplarynyň keşpleri, olaryň ählumumy birlikleri filosofik pikirlenmelerde pelek, düýş, kerwensaraý, menzil, bazygär, bazar, biwepa, zyndan, mar, ene, jöwher, rahatlyk, çarh, duzak, toprak, köňül, döwran, döwür, jahyl, çyrag, hepde, üç otuz (togsan), kaza, jan, dört yssy nan (pasyllar), münewwer, ýedi nar (hepdäniň ýedi güni), hijret, bostan, kalp, şowk, çag, guş, sal, guşak, wepadar, hasyl, ahy, yşk, nur, hikmet, wysal, saýýat (awçy), 12 han (12 aý), dost, jöwher, habar, gurt ýaly allegorik meňzetmelerde, muammalarda (şygyr sungatynda arap poeziýasyna mahsus bolan şahyrana usulda wasp edilýän sözüň manysynyň oýlanylyp tapylmagyny şertlendirýän görnüşde), simwolik düşünjelerde, şowly, täze stilistik omonimlerde, salgylanmaly nyşanlarda, nusgalarda aňladylýar. Söz bagynyň bilbili Magtymguly Pyragynyň kyrka golaý eserinde müçe ýyl hasabynyň, ýyldyz senenamasynyň aňlatmalarynyň, mistiki poeziýanyň jümleleriniň, köňül köşklerinde nakyla öwrülen söz galyplarynyň 100-e golaýy duş gelmek bilen, şahyr wagt, ýyl hatarlarynyň tebigatyň ykbalyna müdimilik syrdaşlygyny, baglanyş hereketlerini «Biziň bilen hemdem bolan» diýen şahyrana duýgularyň dünýäsi, durmuş sapaklary, ýolçulyk hakykatlary, akyl tymsallary, üşükli nazarlar arkaly çeper wasp edipdir. Magtymguly Pyragy poeziýada durmuşyň gözellik reňklerine, häsiýet keşbine we hereket çygryna täze däpleri, halky ylhamy, çeperçilik güýçleri, açyşlary, duýgulanyşyň hyjuwly, söýündiriji we kuwwatly binýadyny kemala getiripdir. IX asyrdan soňky milli nusgawy edebi çeşmelerimizde, taryhy resminamalarda we halkymyzyň köpsanly kyssawy sözleýşinde, gojalaryň, aksakgallaryň we ýaşulularyň söhbetdeşliginde häzirki günlerde hem hasaplaryň köpüsi uly gyzyklanma, bilesigelijilik we täsirli pursatlary döredýän müçe ýyllary arkaly beýan edilýär.
Dädebaý Pälwanow,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.