Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen ylmynyň we biliminiň rowaçlyklara beslenýän zamanasydyr. Täze taryhy döwürde milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar.
«Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, Gahryman Prezidentimiz belleýär. Ýaşlara berilýän bilim döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine esas bolup durýar. Şol sebäpli hem nurly geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň düşünjeli, iň kämil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sözlän sözünde belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda şu ýyl ýurdumyzda umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Bilim ulgamyndaky ösüşlerden ruhlanan türkmen ýaşlary özleriniň ylym-bilim ýüküniň üstüni täze-täze kämil bilim serişdeleri bilen ýetirip, halkara we ýerli olimpiadalarda ýokary netijeler görkezýärler. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylym-bilim ulgamyndaky gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek üçin dürli bilim bäsleşikleri guralýar. Şeýle bilim bäsleşikleriniň biri hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp mart aýynyň 25-30-y aralygynda Arkadag şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasydyr. Bu iri halkara olimpiada soňky döwürde ýurdumyzda geçirilýän bilim bäsleşikleriniň giň gerimlisi bolar. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş matematikleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara matematika olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryny höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.
Şeýle-de, talyp ýaşlaryň arasynda hem dürli ylym-bilim bäsleşiklerini guramak meýilleşdirilýär. 15-20-nji aprelde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) hem-de olimpiada gatnaşýan talyp ýaşlaryň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirýär. Bu halkara çäreler dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli tejribe alyşmaga ýardam berer.
Oguljennet Momodowa,
Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.