Müsüriň Minýa şäheriniň günortasynda Müsüriň we ABŞ-nyň arheologlary tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda beýikligi, takmynan 3,8 metre deň bolan Ramses II-iň ullakan heýkeliniň ýokarky bölegininiň üstünden baryldy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrligi habar berdi. Nil derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşýän El-Aşmunein şäheri gadymy Müsürde Hemnu ady bilen tanalyp, grek-rim döwründe bolsa Germopol diýlip atlandyrylypdyr.
Missiýanyň Müsür toparynyň başlygy Bassem Jihadyň pikiriçe, heýkeliň yzky sütüniniň ýokarsynda gadymy Müsüriň iň güýçli faraonlaryndan birini wasp edýän ieroglif ýazgylar bar. Beýik Ramses diýlip hem atlandyrylýan bu hökümdar, Müsüriň XIX neberesiniň üçünji faraony bolup, biziň eramyzdan öň 1279-1213-nji ýyllarda hökümdarlyk edipdir.
Müsüriň gadymy ýadygärlikler geňeşiniň başlygy Mustafa Waziri, heýkeliň ýokarky böleginiň nemes arheology Gunter Roeder tarapyndan 1930-njy ýylda ýüze çykaran aşaky bölegine laýyk gelýändigini tassyklady. Heýkeliň ululygy, aşaky bölegini hem goşmak bilen, takmynan, 7 metre ýetip biler. Weziriniň sözlerine görä, häzirki wagtda iki heýkel seplenende olaryň biri-birine gabat gelmegi üçin öňünden arassalaýyş işleriniň geçirilip başlanandygyny habar berdi.