16-njy martda Melburndaky “Lume” merkezinde “Leonardo da Winçi – uçursyz zehinli alymyň 500 ýyllygy” atly sergi sergi açylar. Awstraliýada Galkynyş zamanasynyň iň meşhur zehinine bagyşlanan sergide da Winçiniň 12 tomdan ybarat “Atlantik kodeksi” ylmy eserleriniň asyl sahypalary sanly usulda ilkinji gezek görkeziler.
1637-nji ýyldan bäri Milanyň “Ambrosiana” kitaphanasynda saklanýan “Atlantik kodeksi” 1478-1519-njy ýyllar bilen senelenip, 1111 sahypadan ybaratdyr. Olarda dürli mowzuklarda çyzgylar we bellikler bar – aerodinamika, söweş ulaglary, saz gurallary, geometriýa, botanika we ş.m. “Atlantik kodeksiniň” doly bolmadyk tanyşdyrylyşy 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda Milanda bolupdy.
Leonardo da Winçi 1452-nji ýylda Toskanada dünýä inýär. Ol suratkeş, heýkeltaraş, binagär, matematik, inžener, oýlap tapyjy we alymdyr. Ol aradan çykmazyndan birnäçe ýyl ozal Korol Fransisko I çagyrşy bilen Fransiýada ýaşaýar. Luwr muzeýi suratkeşiň eserleriniň iň uly kolleksiýasynyň jemlenen ýeridir. Olaryň arasynda da Winçiniň “Gaýadaky Madonna”, “Gözel Ferronera”, “Mona Liza”, “Ioann Çokundyryjy”, “Mukaddes Anna madonna hem-de körpe Hrist” we ýene-de birnäçe çelken portretleri aýratyn ähmiýete eýedir.