Bu ýyl halkara syýahatçylygy pandemiýadan öňki derejä çenli doly dikeldiler. Bu barada Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň hünärmenleriniň habar berdi. Käbir ýurtlar eýýäm oňyn ösüşleri görkezýärler.
Wýetnam häkimiýetleri syýahatçylygyň ykdysadyýetdäki paýyny artdyryp, ony esasy pudaga öwürmegi maksat edinýär. Soňky bir ýylda bu pudakdan alnan girdejiler eýýäm 28 milliard dollardan geçdi. Bu ýurduň jemi içerki önüminiň 6,5 göteriminden gowragydyr. Şu ýyl döwlete dünýäniň dürli künjeklerinden 18 milliona golaý syýahatçynyň gelmegine garaşylýar. Bu ösüş Wýetnama Indoneziýadan öňe geçmäge we Singapura ýakynlaşmaga mümkinçilik berer.
Müsürde hem syýahatçylaryň gelmegine garaşylýar. Golaýda Kair galasy doly abatlanyp, ilkinji gezek baryp görmek açyldy. Galanyň iň belent minarasynyň beýikligi 22 metre ýetýär. Gala Salah ad-Diniň buýrugy bilen XII asyryň ikinji ýarymynda bina edilýär. Aýýubylar neberesiniň serkerdesi we esaslandyryjysy galany şäheriň içindäki şähere öwürmegi meýilleşdirýär.
-Şu wagta çenli, Kair galasy ýeterlik derejede syýahatçylaryň ýnsüni özüne çekmedi. Syýahatçylyk agentlikleri gala baryp görmegiň bir sagatdan az wagt alýandygyny aýdýarlar. Biz gala baryp görmegiň wagtyny ýakyn aýlarda azyndan üç sagada çenli artdyrmagy meýilleşdirýäris – diýip, Müsüriň syýahatçylyk ministri Ahmed Issa aýtdy.
Şeýle-de Bagam adalarynda rekord derejede syýahatçy hasaba alyndy. Geçen ýylyň ahyrynda arhipelaga, takmynan, 10 million syýahatçy baryp görüpdir. Bu, döwletiň bütin taryhynda iň köp sapardyr. Hünärmenleriň pikiriçe, bu ösüş Bagam adalarynyň syýahatçylar üçin özüne çekijiliginden habar berýär.