Ta­ry­hy geç­mi­şi­miz­den bil­şi­miz ýa­ly, dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry ki­ta­ba uly sar­pa go­ýup, ony dur­mu­şyň be­ze­gi, ýa­şaý­şyň ma­ny­sy ha­sap­lap­dyr. Ki­tap hem­me dö­wür­de-de hal­kyň gün­de­lik dur­mu­şyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Ki­tap oka­mak ada­ma dynç ber­ýär, ru­hu­ny baý­laş­dyr­ýar, dün­ýä­ga­raý­şy­ny gi­ňeld­ýär. Ki­tap – ru­hy ha­zy­na. Al­tyn­dan hem gym­mat­ly bolan bu ha­zy­na ada­ma öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li ýol­daş bol­sa, oňa ma­ny­ly ýa­şa­ma­ga kö­mek eder. Çün­ki ki­tap adam­la­ra köp san­ly mag­lu­mat­la­ry peş­geş ber­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň türk­men hal­ky­na peş­geş ber­ýän döw­let äh­mi­ýet­li ki­tap­la­ry hal­ky­myz hem-de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň türk­men hal­ky­na sow­gat be­ren «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» hem-de «Änew – müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­tap­la­ry ýaş­lar­da hem-de türk­men yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly ses­len­me dö­ret­di. Bu ki­tap­lar hal­ky­my­zyň, esa­san hem, ýaş­la­ryň ýan­ki­ta­by­na öw­rül­di.
«Bu ki­ta­by ýaz­mak­dan mak­sa­dym, türk­men we da­şa­ry ýurt­ly oky­jy­la­ry­my ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan il-halk bäh­bit­li iş­le­riň ge­ri­mi­niň giň­li­gi, ta­gal­la­la­ryň be­ýik­li­gi bi­len ta­nyş­dyr­mak­dan, şeý­le hem ola­ry be­ýik döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar hem-de aja­ýyp gel­je­gi üçin be­lent iş­le­re ruh­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr» – di­ýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew – müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ese­ri ba­ra­da bel­läp geç­ýär.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň bosagasynda bi­ze «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly il­kin­ji ki­ta­by­ny ser­paý ýa­pyp­dy. Çuň­ňur ma­ny-maz­mu­na ýug­ru­lan bu aja­ýyp eser bi­ziň ru­hy ga­na­ty­my­za, yl­ham çeş­mä­mi­ze öw­rül­di. Hut şu ki­tap­dan tä­sir­le­nip, ýaş­la­ryň ylym-bi­li­me, spor­tuň we sun­ga­tyň dür­li ugur­la­ry­na bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň art­ma­gy bi­ziň gün­de­lik işi­mi­ze-de tä­ze­çe öwüş­gin çaý­dy.
Onuň yzy­sü­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çap­dan çy­kan tä­ze ese­ri ady äle­me do­lan Änew me­de­ni­ýe­ti­ni, onuň dün­ýä­niň me­de­ni ösü­şin­dä­ki my­na­syp or­nu­ny yl­my mag­lu­mat­la­ra sal­gy­lan­mak ar­ka­ly be­ýan ed­ýän gym­mat­ly ese­re öw­rül­di. Üç dil­de çap edi­len ki­ta­byň dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­jekdi­gi hem şol anyk ta­ry­hy mag­lu­mat­lar bi­len berk bag­ly­dyr. Se­bä­bi hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly geç­mi­şin­den, gur­mak, dö­ret­mek ýa­ly so­gap­ly ýö­rel­ge­le­rin­den söh­bet aç­ýan yl­my mag­lu­mat­la­ryň her bi­ri yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi tä­ze ta­ry­hy açyş­la­ra ça­gyr­ýar. Äne­wiň ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ry öz­bo­luş­ly sun­gat eser­le­ri bo­lup, olar ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dün­ýä­niň me­de­ni ösü­şi­ne go­şan um­ma­syz go­şant­la­ry­nyň buý­sanç­ly tas­syk­na­ma­sy­dyr.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Änew – ta­ryh üçi­nem, şu gü­nü­miz we gel­je­gi­miz üçi­nem tä­sin bir älem. Alym­lar bu top­ra­gyň her da­ban ýe­ri­niň ta­ryh­dy­gy­ny, gym­mat­ly ta­pyn­dy­la­ra baý­dy­gy­ny bi­ra­gyz­dan tas­syk­la­ýar­lar. Hut şu top­rak­dan ta­py­lan bug­daý dä­ne­le­ri Türk­me­nis­ta­ny ak bug­da­ýyň Wa­ta­ny hök­mün­de dün­ýä ta­nat­dy. Ga­dy­my ynanç-yg­ty­kat­la­ra gö­rä, bug­daý ön­ýän top­rak ke­ra­mat ha­sap­la­nyl­ýar. Ki­tap­da bu ba­ra­da ge­ti­ril­ýän ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­dan bug­daý ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren we des­ter­han­la­ryň do­ly bol­ma­gy­ny üp­jün eden mer­da­na hal­ky­my­zyň umu­ma­dam­zat ýa­şaý­şy­na ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gen­ji-ha­zy­na go­şan­dy­gy­na akyl ýe­tir­ýär­siň.
Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ber­lin şä­he­rin­dä­ki il­çi­ha­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu iki ese­ri­niň, ýag­ny «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» we «Änew – müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly iki ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň il­çi­ha­na­sy­nyň, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, şeý­le hem ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Gat­na­şy­jy­lar ýaş nes­li dog­ru­çyl­lyk, wa­tan­çy­lyk we zäh­met­sö­ýer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de bu ki­tap­la­ryň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, be­lent ba­şy­nyň aman, ru­hy dün­ýä­mi­zi baý­laş­dyr­ýan il­ha­lar eser­le­ri­niň höw­rü­niň köp bol­ma­gy­ny, döw­let­li iş­le­ri­niň el­my­da­ma ro­waç al­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

So­na IS­LA­MO­WA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.