Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­la­ry bi­len ut­gaş­ýan şan­ly ýy­lyň şy­ga­ry as­tyn­da­ky çä­re­ler il­deş­le­ri­mi­ziň wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny be­len­de gö­te­rip, şi­rin dil­li söz us­sa­dy­my­za go­ýul­ýan sar­pa­ny has-da da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Şeý­le çä­re­ler­de şi­rin dil­li söz us­sa­dy­nyň eser­le­ri­niň çuň ma­ny-maz­mu­ny ha­kyn­da söh­bet edil­me­gi, şa­hy­ryň şy­gyr­la­ry­nyň la­byz­ly okal­ma­gy, onuň goş­gu­la­ry­na dö­re­di­len aý­dym­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi il­deş­le­ri­mi­ziň kal­by­ny heý­ja­na ge­tir­ýär. Aý­ra­tyn buý­san­dyr­ýan zat­la­ryň bi­ri-de, şan­ly ýy­lyň şa­ny­na ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­da Gahryman Arkadagymyzyň ze­hi­nin­den dö­rän «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly goş­gu­sy esa­syn­da dö­re­di­len aý­dy­myň ýaň­lan­ma­gy­dyr. Bu aja­ýyp aý­dym türk­men hal­ky­nyň be­ýik şa­hy­ry­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň we pä­him-paý­ha­sy­nyň, şol bir wag­tyň özün­de bol­sa şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­niň ru­hy güý­jü­niň se­na­sy­dyr.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy sö­züň güý­ji, gud­ra­ty bi­len şyg­ry­ýet äle­min­de ady ar­şa ga­lan be­ýik akyl­dar şa­hyr­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň şyg­ry­ýet äle­mi – türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň bul­du­rap ak­ýan, çuň­ňur ma­na we çe­per sö­ze teş­ne kalp­la­ry gan­dyr­ýan çeş­me­si» di­ýip bel­le­mek bi­len, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne örän ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Çün­ki Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­ny, yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­ni wasp ed­ýän eser­le­ri­niň, wa­tan­çy­lyk, gah­ry­man­çy­lyk, ag­zy­bir­lik tag­ly­mat­la­ry­nyň, umu­man şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­niň bu gün­ki ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­de bi­möç­ber äh­mi­ýe­ti bar­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, da­na Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi iň­ňän pel­se­pe­li­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň aňyr­sy­na-bär­si­ne göz ýet­me­ýän um­man deý dö­re­di­ji­li­gi yn­sa­nyň kal­by­na şam­çy­rag deý ýag­ty­lyk saç­ýar. Aý­ra­ty­nam, umu­ma­dam­za­da mah­sus bo­lan döw­let gur­mak, ag­zy­bir­lik, dost-do­gan­lyk gat­na­şy­gy ha­kyn­da­ky pi­kir­ler, akyl­dar şahyryň şyg­ry­ýe­ti­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Ýag­ny rus aly­my Ýew­ge­niý Ber­tel­siň nyg­taý­şy ýa­ly: «Mag­tym­gu­ly türk­me­niň şyg­ry­ýet dün­ýä­sin­de gym­mat­ba­ha daş­la­ryň bi­ri bo­lup, ol bi­ziň za­ma­na­myz­da tä­ze ýü­zü­giň ga­şyn­da gö­zü­ňi ga­maş­dy­ry­jy şöh­le­si bi­len lo­wur­da­ýar. Mag­tym­gu­ly – Jem­şi­diň ja­my­dyr».
Türk­men­ler geç­miş­de on­lar­ça döw­let dö­re­den, buý­sanç­ly ta­ry­ha eýe bo­lan, şo­nuň bi­len bir­lik­de, şeý­le şan-şöh­rat­ly ta­ry­hyň dö­re­me­gi­ne se­bäp bo­lan be­ýik şah­sy­ýet­le­ri or­ta çy­ka­ran halk­dyr. Şy­gyr­la­ry bi­len yn­san kal­by­nyň tö­rün­den orun alan, bir döw­le­te gul­luk et­me­gi ün­dän, ag­zy­bir­li­gi wa­gyz-ne­si­hat eden türk­me­niň akyl­dar og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr. Şa­hy­ryň türk­men we dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ren şy­gyr­la­ryn­da ag­zy­bir­lik, mert­lik, hoş­ni­ýet­li­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ha­lal­lyk, ah­lak­ly­lyk ýa­ly me­se­le­ler, gy­zy­la gap­laý­ma­ly se­tir­le­riň üs­ti bi­len be­ýan edil­ýär. Akyl­dar şa­hyr çyl­şy­rym­ly dö­wür­de ýa­şap, türk­me­niň nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň däp­le­ri­ne eýe­rip, mil­li şyg­ry­ýe­ti ösen de­re­je­le­re, be­lent sep­git­le­re ýe­tir­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de da­na şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­ny ede­bi­ýat­çy­dyr dil­çi­ler hem-de da­şa­ry ýurt alym­la­ry yl­my esas­da düýp­li öw­ren­ýär­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly il­kin­ji ese­rin­de: «Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry, türk­me­niň be­ýik şa­hy­ry we fi­lo­so­fy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri äh­li dö­wür­ler üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ru­hy gym­mat­lyk­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de asyl­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Akyl­da­ryň pa­ra­sat­ly dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­nan aý­dym-saz­ly da­ba­ra­lar, yl­my-ama­ly mas­la­hat­lar, taý­ýar­la­nyl­ýan ki­tap­lar, ýa­zyl­ýan ma­ka­la­lar hem-de ýy­gyn­dy­lar, şy­gyr­la­ry­nyň dün­ýä dil­le­ri­ne edil­ýän ter­ji­me­le­ri, şeý­le hem yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri, ha­ly­pa ede­bi­ýat­çy­lar­dyr alym­lar, ýa­zy­jy-şa­hyr­lar bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan gu­ral­ýan ha­ly­pa-şä­girt­lik du­şu­şyk­la­ry mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ba­ky NE­PE­SOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy.