Gadymy döwürlerden bäri tebigatyň baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak barada dürli çäreler durmuşa geçirilip gelnipdir. Şeýle çäreleriň hataryna öri meýdanlaryň ösümlik örtügini goramak maksady bilen, ol ýerleri wagtal-wagtal çalşyryp durmak, guşlardyr beýleki haýwanlaryň köpelýän döwründe olary awlamazlyk ýaly ençeme çäreler degişlidir. Ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri hem emeli döredilýän tokaý seýilgäh zolaklarydyr. Agaçlar adamlaryň dem almagy üçin gerekli kislorody bölüp çykaryp , howany arassalaýar. Şeýle hem tokaýlar halk hojalygynyň pudaklaryny çig mal bilen üpjün edýär. Tokaýlary otdan goramak hemmeleriň, şeýle-de Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň borjy bolup durýar. Ýangynlaryň döremegine, köplenç adamlar sebäp bolýar. Ýangyn söndürilmedik ot, taşlanan çilim, otluçöp, guran otlaryň ýakylmagy, çüýşelerden we aýna böleklerinden Gün şöhlesiniň geçmegi bilen döreýär. Yssy howada, esasan hem, arça ekilen tokaý seýilgäh zolaklarynda ýangynyň döremegine sähelçe uçgun ýeterlikdir. Tokaý seýilgäh zolaklarynyň çäklerinde, şäheriň dynç alyş merkezlerinde, demir ýollaryň ugrunda, sähra-öri meýdanlarda guran hapa-haşal otlary ýakmak gadagandyr. Tokaý seýilgäh zolaklaryna barlanda ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilmeli. Meýdanlarda ot ýakylmaly bolnanda, seresapsyzlyga ýol berilmeli däl. Ot ýakylmazdan öň daş-töweregi guran ot-çöplerden arassalanan ýarym metr çuňlukda gazylan ýer taýýarlanyp, oduň ýaýramazlygyna göz ýetirmeli. Ot ulanyp bolnandan soň, gum sürüp ýa-da suw sepip doly söndürmeli. Awtoulaglaryň sürüjileri meýdanlarda guran ot-çöpleriň üstünden sürenlerinde, awtoulaglaryň tüsseçykarlaryndan uçgunlaryň çykmagy netijesinde ýangyn hadysasynyň döremeginiň mümkindigini ýatdan çykarmaly däl.
Geldimämmet Rejepow,
Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiriniň işgärler boýunça orunbasary, içerki gullugyň maýory.