Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurdunda çaga dogluşynyň azalýandygy bellenilýär. ABŞ-da hem çaga dogluşynyň azalýandygy mälim edildi. Maglumatlara görä, 15-49 ýaşlarynda zenanlaryň dünýä inderen ortaça çaga sany, ýagny her zenanyň ömrüniň dowamynda dünýä inderen çagasynyň sany, bu baradaky maglumatlaryň hasaba alnyp başlanan ýyly bolan 1930-njy ýyldan bäri rekord derejede azalypdyr. “The Wall Street Journal” (WSJ) gazetiniň habaryna görä, geçen ýyl zenan başyna dünýä inderilen çaga sany 2022-nji ýyldakydan 2 göterim azalyp, 1,62 bolupdyr.
Ýurtda 40 ýaşlarndaky aýallaryň çaga dogruşy üýtgemändir. 35-39 ýaş aralygynda zenanlarda bolsa 5,47, 20-24 ýaş aralygyndaky zenanlarda 4 göterim pese gaçyşlyk hasaba alnypdyr.
Ýurtda 2008-nji ýyldan bäri her bir zenan başyna düşýän çaga sany azalmagyny dowam etdirýär. Şeýle hem 2007-nji ýylda ýurtda zenan başyna 2,12 çaga dünýä inderilendigi mälim edilipdi. Bu san “täzelenme tizligi” diýlip atlandyrylýar. Bu görkeziji islendik jemgyýetde ýa-da ýurtda ilatyň sanynyň ozalkysy ýaly saklanyp galmagy we şol sebäpli ykdysadyýetiniň durnukly bolmagy üçin zerur hasaplanýar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, zenan başyna düşýän çaga sany şondan az bolanda, uzak möhletde işçi güýji ýetmezçiligi ýüze çykýar. Her ýylda köp sanly migranty kabul edýän ABŞ-da ýakyn geljekde şeýle meseläniň bolmajakdygy bellenilýär.