(Oýlanma)
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýar. Çünki ol her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň belent nusgasyny dörediji hökmünde müdimi ýaşaýar. Dana şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbyndan orun aldy. Ençeme ýyllardan bäri akyldar şahyryň döredijiligini edebiýatçylar we dilçi alymlar ylmy esasda öwrenýärler. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi. Bu ylmy garaýyşlarda şahyryň baý edebi mirasynyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn bellenilýär.
…Ýadyma düşýär, men 8-9 ýaşlarymda wagtym enem her gün agşam Magtymguly Pyragynyň goşgular kitabyny okap bermegimi haýyş ederdi. Şol wagtlar beýik şahyryň kitabyny okasam-da, goşgularyň manysyna düşünemokdym. Çünki men kitaby enem üçin okap berýärdim. Enem şahyryň goşgularyny diňläninde kellesini ýaýkap, her bir setirini tassyklar oturardy hem-de gözüni çygjardyp begenerdi. Men bu ýagdaýa her gezek geň galýardym: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary adama nädip beýle derejede täsir edýärkä?» diýip, öz ýanymdan pikir ýüwürdýärdim. Şondan soň şahyryň goşgularynyň many-mazmunyna düşünjek bolup, köp okap başladym. Kitaby nirä gitsem ýanymdan goýmadym. Soň-soňlar şahyryň goşgulary meni şeýle bir özüne çekdi welin, çagalygym, ýetginjekligim, kämilligim şu kitap bilen geçdi…
Mekdep ýyllarynda türkmen dili we edebiýaty dersinden geçirilýän bäsleşiklerde hödürlenýän düzmäniň temalaryndan hökmany Magtymguly Pyragy hakyndaky temany saýlardym we öňdäki orunlara mynasyp bolardym.
Ýyllar geçdi. Orta mekdebi tamamlanymdan soň, meni çagalykdan özüne bendi eden edebiýaty özüme hünär saýlamagy maksat edindim. Şeýdip Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa synanyşmak üçin resminamalarymy tabşyrdym. Synaglaryň wagty golaýlaýardy, men bolsa gaýta-gaýta Magtymguly atamyzyň goşgular kitaplaryny okardym…
Ençeme ýyl durnalar toýnuk gurap geçdi, ençeme gyşlar sowlup, ençeme gezek bahar güllere beslendi. Men ol kitabyň manysyna indi has gowy düşünýärin. Beýik akyldaryň kitaby maňa köp zatlary öwretdi, durmuşa düşünmäge ýol görkezdi. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biziň üçin çäksiz bagtdyr.
Laçyn SAPARGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň müdiri.