Deňizlerde birden çuňalyp gidýän çöketlikler bolýar. Olara gök köwek ýa-da gök çukur diýilýär. Şeýle çukurlar köplenç kenara golaý ýerde duş gelýär. Alymlaryň geçiren barlagynyň netijesinde Meksikanyň kenaryndaky “Taam Ja” gök köweginiň iň çuň gök çukurdygy anyklandy. Alymlara entek onuň düýbüne ýetmek başartmady. Suwuň mineral maddalary eredip, jaýryklary giňeltmegi netijesinde emele gelýän bu çukurlar daş-töweregindäki saý ýerden has goýy gök reňkli bolup görünýär. 2021-nji ýylda üsti açylan “Taam Ja”-nyň çuňlugynyň ilki 274 metrdigi çaklanylypdy. Emma geçen ýylyň ahyrynda onuň düýbi barlananda, azyndan 420 metrdigi anyklandy. Şeýlelikde, “Taam Ja” häzire çenli iň çuň gök köwek hasaplanýan Günorta Hytaý deňzindäki 301 metrlik Aždarha çukuryndan öňe geçdi.
“Frontiers in Marine Science” žurnalynda “Taam Ja”-nyň çuňlugynyň mundan ozal ses tolkunlary arkaly ölçenendigi, soňky gezek bolsa, ýüp taşlamak arkaly ölçenendigi bellenilýär. Indi bolsa bilermenler gök köwegiň çuňlugyny we gapdallarynda gowaklaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamakçy bolýarlar.